16-njy maý­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň hem-de Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «ÝHHG-niň çä­gin­de howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de Bi­ta­rap döw­let­le­riň or­ny» ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ag­za­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry gat­naş­dy.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Dün­ýä­gö­zel Gul­ma­no­wa, ÝHHG-niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Mar­ga­re­ta Se­der­felt, ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Jon MakG­re­gor, ÝHHG PA-nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te We­kil Pia Lii­sa Kau­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Gah­ry­man Ro­zy­ýew, Mej­li­siň ag­za­sy Mer­dan Tu­wa­kow da­gy çy­kyş et­di. Mun­dan baş­ga-da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň sy­ýa­sy me­se­le­ler bo­ýun­ça kö­mek­çi­si Mi­ros­law Ýen­ça wi­deo­ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di.
Mas­la­ha­tyň me­ýil­na­ma­sy­na Öz­be­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň Par­la­men­ti­niň ag­za­la­ry­nyň, Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň, Hal­ka­ra Yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ba­zel uni­wer­si­te­ti­niň, Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça Awst­ri­ýa ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň syn­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry gi­ri­zi­lip­dir.

Çy­kyş eden­ler hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­niň eýe­le­ýän or­ny, Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de we dün­ýä­de aba­dan­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň et­di­ler.