Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Buý­ru­gy esa­syn­da 2023-nji ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da 3 türk­men luk­ma­ny ow­gan ze­nan­la­ry­na hem-de ça­ga­la­ry­na be­je­riş we mas­la­hat be­riş ýar­dam­la­ry­ny ber­mek üçin Ow­ga­nys­ta­nyň Hy­rat we­la­ýa­ty­nyň Tur­gun­dy şä­her­çe­sin­dä­ki 2016-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan yn­san­per­wer kö­me­gi hök­mün­de gur­lan 20 orun­lyk ça­ga dog­rul­ýan öýü­ne gel­di­ler.
Tur­gun­dy şä­her­çe­sin­de luk­man­la­ry ow­gan ta­ra­py gyz­gyn gar­şy al­dy. Olar ça­ga dog­rul­ýan öý­de ow­gan ze­nan­la­ryň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny be­jer­mek­de öz ýar­dam­la­ry­ny we mas­la­hat­la­ry­ny be­rip işe baş­la­dy­lar. Luk­man­la­ryň sa­pa­ry şu ýy­lyň maý aýy­nyň ahy­ry­na çen­li do­wam eder.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 3-nji ma­ýyn­da bu ça­ga dor­gul­ýan öý­de Türk­me­nis­ta­nyň Ow­ga­nys­tan­da­ky (Hy­rat ş.) Baş kon­sul­ly­gy ta­ra­pyn­dan düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi my­na­sy­bet­li yn­san­per­wer çä­re­si ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da yn­san­per­wer kö­me­gi hök­mün­de sag­lyk öýü­ne ze­rur bo­lan der­man we luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri hem gow­şu­ryl­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne eýer­mek bi­len, goň­şy Ow­ga­nys­tan üçin ýe­ňil bol­ma­dyk dö­wür­de gol­daw ber­mek­de alyp bar­ýan iş­le­ri­ni do­wam ed­ýär. Bu bol­sa türk­men we ow­gan halk­la­ry­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk, do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge hyz­mat ed­ýär.