Belgiýada ýurduň bütin sebitlerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşleriniň hyzmatyndan peýdalanmak maksady bilen umumy petegi girizmek makullanyldy.
Indi hökümet ulag gatnawlary operatorlary bilen şeýle ýol peteginiň elýeterli nyrhyny ara alyp maslahatlaşýar. Şeýle petegiň bahasy 7 ýewrodan geçmez diýlip garaşylýar. Ol bir günüň dowamynda awtobuslaryň, tramwaýlaryň we otlularyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Öň Brýusselde girizilen “BruPass” diýlip atlandyrylýan şeýle petek düzgüni ilata paýtagtda we onuň eteklerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ulgam eýýäm Awstriýada we Germaniýada hereket edýär diýip, Belgiýanyň habar beriş serişdeleri tassyklaýar.