Şu gün — 19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçirilýär. Alty ýurduň döwlet Baştutanlary derejesinde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görnüşde guralýan bu duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy we çykyş etdi.
Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýerinde — Sian şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine sebit hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Onuň dowamynda gatnaşyklary ösdürmegiň täze meýilnamalaryny kesgitläp, bilelikdäki hereketleriň täze tapgyryna badalga bermek göz öňünde tutulýar.
HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçirilýän ýokary derejeli duşuşykda Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleri bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu sammit häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini beýan edýär. Şoňa görä-de, bu duşuşyga ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýyny seljermäge hem-de ony geljekde ösdürmegiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik hökmünde garalýar.
Hususan-da, häzirki dünýäniň ýaramaz şertleri netijesinde ýüze çykan hakyky ýagdaýynyň — dünýä syýasatynyň ugurlarynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny görkezýändigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda hut şu ugurlarda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşri habar berýär.