Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä syýasatynyň häzirki ýagdaýlaryny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň täsirli usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamak hem-de içerki işlerine gatyşmazlyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belläp, şunda syýasy medeniýetiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda utgaşdyrylan hereketleri ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Onuň maksady gazanylan ylalaşyklary ulgamlaşdyrmakdan hem-de ýerine ýetirilişine syn bermekden ybarat bolar.
«Her bir ýurduň ykdysady kuwwatyny we logistik mümkinçiligini peýdalanmak, senagat kooperasiýasynyň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň netijeli ulgamyny döretmek arkaly daşary ykdysady gatnaşyklary birsyhly giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip hasap edýärin» diýmek bilen, döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýangyç-energetika pudagyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna Hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin mümkinçilik berendigine üns çekilip, taraplar gyzyklanan halatynda, ýurdumyzyň türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bilelikdäki tagallalary Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegiň aýratyn möhümdigini belledi. Şunda Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek barada-da garaýyşlaryny mälim etdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, alty ýurduň halklarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramak hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmek barada barýar.
Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşri habar berýär