Şu gün 24-nji maý­da paý­tag­ty­my­zdaky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Ser­gä ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem-de kär­ha­na­la­ry­nyň, su­rat­keş­le­riň we di­zaý­ner­le­riň köp san­ly­sy, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, bi­ler­men­ler, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň ibe­ren Gut­la­gy okal­dy.
Ser­gi mer­ke­zi­niň bö­lüm­le­rin­de we meý­dan­ça­la­ryn­da mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, ýur­du­my­zyň hu­su­sy kär­ha­na­la­ry, te­le­ke­çi­le­ri we Aş­ga­bat­da iş­le­ýän hem-de ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň has-da gö­zel­leş­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ägirt uly şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­lar öz ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler.

Şeý­le hem, türk­men paý­tag­ty­nyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýan dür­li ýa­dy­gär­lik­le­riň, bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň, gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan we gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän bi­na­la­ryň ma­ket­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň we di­zaý­ner­le­riň dür­li eser­le­ri, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri, döw­re­bap bi­çüw­de taý­ýar­la­nan türk­men mil­li ly­bas­la­ry, paýtagtymyzda ýer­leş­ýän res­to­ran­la­ryň, azyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň di­war­lyk­la­ry myh­man­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Se­ýil­gäh­le­ri be­ze­ýän açyk ho­wa­da otur­dyl­ýan gül­ler, şeý­le hem paýtagtymyzdaky gül dü­kan­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ry ser­gi meý­dan­ça­sy­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­ýar.

Ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry bo­lan Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi hem-de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy her ýyl bu göz­den ge­çi­ri­li­şiň mak­sat­na­ma­sy­na gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik, elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy, gaý­ta­dan iş­le­ýän we ýer­li se­na­gat, be­zeg iş­le­ri, şä­her dü­züm­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, me­de­ni­ýet, sy­ýa­hat­çy­lyk, sport ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek ýa­ly ugur­la­ry gi­riz­ýär­ler. Bu ul­gam­la­ryň ösüş dep­gin­le­ri wi­deo­şe­kil­ler­de, des­ga­la­ryň ki­çel­di­len nus­ga­la­ryn­da, su­rat top­lum­la­ryn­da, ýö­ri­te ki­tap­ça­lar­da we žur­nal­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.