22-nji maýda Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Rumyniýanyň Medeniýet ministrligi, şeýle hem Rumyniýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapynda guraldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň derman ösümlikleri», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilendigini aýratyn bellemilidiris.
Rumyniýada ýurdumyzyň Medeniýet günleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Buharest we Konstanta şäherlerinde Medeniýet günleriniň meýilnamasyna halkara maslahaty, sergi, şygyrýet agşamy we «Istärin» atly filmiň görkezilişi girizildi. Şeýle hem, Rumyniýanyň ýaşaýjylary üçin halkymyzyň milli çeper we amaly-haşam sungaty, türkmen tagamlary, däp-desurlary, aýdym-saz döredijiligi bilen tanyşmagmaga mümkinçilik dörediler.