21-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­le­ri­niň we Bü­tün­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) Ýew­ro­pa se­bit­le­ýin eda­ra­sy­nyň Di­rek­to­ry dok­tor Hans Klü­ge­niň bi­le­lik­dä­ki du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň BSGG-nyň Se­bit­le­ýin eda­ra­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le hem se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň anyk ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we­zi­pe­le­ri, şol san­da, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de «Ýe­ke-täk sag­lyk» kon­sep­si­ýa­sy­ny ös­dür­mek we iler­let­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin baş­lan­gyç­la­ry ba­ba­tyn­da hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­da 2022-2025 ýyl­lar üçin sag­ly­gy we aba­dan ýa­şa­ýy­şy gol­da­ma­gyň Ýol kar­ta­sy bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça öza­ra pi­kir al­şyl­dy.
Türk­men ta­ra­py­nyň bel­le­me­gi­ne la­ýyk­lyk­da, Ýol kar­ta­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak üçin äh­li de­re­je­ler­de hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak­lyk ze­rur bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ön­jeý­li stra­te­gi­ýa­la­ry we çä­re­le­ri iş­läp düz­mek hem-de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bol­sa, di­ňe bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr.
Hans Klü­ge hem, öz ge­ze­gin­de, se­bi­tiň ýurt­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýa­da 2022-2025 ýyl­lar üçin sag­ly­gy we aba­dan ýa­şa­ýy­şy gol­da­ma­gyň bi­le­lik­dä­ki Ýol kar­ta­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gol­daw ber­jek­di­gi­ni be­ýan et­di.