23-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Ru­my­ni­ýa­da­ky me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry N.Şi­ri­mo­wyň Ru­my­ni­ýa­nyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri Lu­çi­an Ro­maş­ka­nu bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň ba­şyn­da türk­men ta­ra­py myh­man­sö­ýer­li­gi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­mä­ge ýar­dam be­re­ni üçin ru­myn ta­ra­py­na ho­şal­lyk bil­dir­di.
Ta­rap­lar me­de­ni ul­gam­da iki ýur­duň gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­di­ler. He­re­ket ed­ýän iki­ta­rap­la­ýyn me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky yla­la­şy­gyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­mak bi­len, onuň bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri, şol san­da, bi­rek-bi­rek­de Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­mä­ge oňat esas bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy­lar.
Söh­bet­deş­ler me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän türk­men-ru­myn gat­na­şyk­la­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da umu­my pi­ki­ri be­ýan et­di­ler.
Şeý­le hem olar şu ýy­lyň 13-16-njy iýu­nyn­da «Awa­za» Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek «Awa­za 2023» Hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly­na ru­myn ta­ra­py­nyň gat­naş­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.