Ki­no sun­ga­ty­nyň iň meş­hur 3 fes­ti­wa­ly­nyň bi­ri bo­lan Kann film şü­we­le­ňi­niň bu ýyl­ky­sy ta­mam­lan­dy. 12 gün­läp do­wam eden 70-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­rak bo­lan “Al­tyn pal­ma” (“Pal­me d’Or”) ug­run­da 19 film bäs­leş­di. Fes­ti­wa­lyň ýek­şen­be gü­ni ge­çi­ri­len jem­leý­ji da­ba­ra­syn­da Ma­ren Ade, Fan Bin­bin, Park Çan-wuk, Jes­si­ka Çes­teýn, Will Smit, Pao­lo Sor­ren­ti­no, Gab­ri­el Ýa­red hem-de An­ýes Žaui da­gy­dan dü­zü­len we is­pa­ni­ýa­ly meş­hur re­žiss­ýo­ry Ped­ro Al­mo­do­wa­ryň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky emin­ler to­pa­ry “Al­tyn pal­ma­nyň” ýe­ňi­ji­si­ni mä­lim et­di. Al­mo­do­wa­ryň özü­niň açan buk­ja­syn­dan sa­na­wa soň­dan go­şu­lan şwe­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ru­ben Est­lun­dyň “Ine­dör­dül” (The Square) at­ly fil­mi çyk­dy. “Sy­ýa­hat­çy” at­ly ga­ra ko­me­di­ýa ek­ran ese­ri bi­len ady­gan re­žiss­ýo­ryň bu ki­no­sy “Al­tyn pal­ma­ny” alan 4-nji şwed fil­mi­dir. Ita­li­ýa­ly owa­dan akt­ri­sa Mo­ni­ka Bel­luç­çi­niň alyp ba­ran da­ba­ra­syn­da Ro­bin Kam­pi­ýo­nyň “Mi­nut­da 120 ur­gy” (120 Beats per Mi­nu­te) fil­mi “Gran Pri” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy “Ýo­wuz me­ýil” (The Be­gui­led) fil­mi üçin ze­nan ki­no­çy So­fi­ýa Kop­po­la gow­şu­ryl­dy. Iň go­wy akt­ri­sa we akt­ýor baý­rak­la­ry­na de­giş­li­lik­de, “Sol­gun” (In the Fa­de) fil­min­dä­ki keş­bi üçin Gol­li­wu­dyň ger­ma­ni­ýa­ly akt­ri­sa­sy Dia­na Kru­ger hem-de “Sen bu ýer­de hiç ha­çan hem bol­ma­dyň” (You We­re Never Re­al­ly He­re) ki­no­sy­nyň ýyl­dy­zy Hoa­kin Fe­niks la­ýyk gö­rül­di. Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy “Söý­gü­siz” fil­mi üçin rus­si­ýa­ly re­žiss­ýor And­reý Zwýa­gin­se­we be­ril­di. Iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy­ny “Mu­kad­des ke­ýi­giň öl­dü­ril­me­gi” (The Kil­ling of a Sacred De­er) hem-de “Sen bu ýer­de hiç ha­çan hem bol­ma­dyň” (You We­re Never Re­al­ly He­re) fil­mi­niň sse­na­ri­çi­le­ri paý­laş­dy. Şeý­le-de fes­ti­wa­lyň 70 ýyl­lyk ýu­bi­leý baý­ra­gy­na os­kar­ly akt­ri­sa Ni­kol Kid­man my­na­syp bol­dy.
Gys­ga met­raž­ly film­le­riň ara­syn­da-da iň go­wu­sy diý­lip, hy­taý­ly Sýu Ýanyň “My­la­ýym gi­je” (A Gent­le Night) fil­mi saý­lan­dy. Fes­ti­wa­lyň “Aý­ra­tyn ga­ra­ýyş” bö­lü­min­de-de eý­ran­ly Mo­ham­mad Ra­su­lo­fyň “Dog­ru­çyl adam” (A Man of In­teg­ri­ty) ki­no­sy baş baý­ra­ga la­ýyk gö­rül­di. Il­kin­ji film­le­ri üçin be­ril­ýän “Al­tyn ka­me­ra” baý­ra­gy-da “Ýaş ze­nan” (Jeu­ne Fem­me) ki­no­sy üçin fran­si­ýa­ly re­žiss­ýor Leo­nor Ser­rai­le gow­şu­ryl­dy.
We­ne­si­ýa hem-de Ber­lin fes­ti­wal­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy ki­no fes­ti­wa­ly ha­sap­lan­ýan Kann film şü­we­le­ňi il­kin­ji ge­zek 1946-njy ýyl­da ge­çi­ril­di. 1948-nji we 1950-nji ýyl­lar­da dür­li se­bäp­ler­e görä, ge­çi­ril­me­dik fes­ti­wal her ýy­lyň maý aýyn­da Fran­si­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka, aja­ýyp, ja­na-şy­pa, owa­dan şä­he­ri Kann­da gu­ral­ýar. Oňa di­ňe bir ki­no­çy­lar däl, eý­sem-de bu şü­we­le­ňe sun­ga­tyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň-de gör­nük­li we­kil­le­ri gat­naş­ýar.

Han­dur­dy Gur­ba­now,
Türk­men döwlet me­de­ni­ýet
in­sti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.