Adam­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri ba­ra­da aý­dy­lan­da, adat­ça ýa­şa­ýyş ja­ýy göz öňü­ňe gel­ýär. Em­ma dün­ýä­niň bir­nä­çe ýe­rin­de dür­li te­bi­gy şert­ler­de – sowuk­da, ys­sy­da, da­gyň de­pe­sin­de, suw­da… ýa­şa­ýan adam­lar bar. Da­şyn­dan se­re­de­niň­de üýt­ge­şik we müm­kin däl ýaly gö­rün­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýa­şaý­jy­lar üçin bu ada­ty zat. Ge­liň, dün­ýä­dä­ki täsin ýa­şa­ýyş mer­kez­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Ýa­kutsk, Rus­si­ýa. Ark­tik te­ge­le­giň 450 ki­lo­metr gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Ýa­kutsk res­mi taý­dan dün­ýä­niň iň so­wuk şä­he­ri ha­sap­lan­ýar. Şä­her­dä­ki ho­wa­ gyş aý­la­ryn­da or­ta­ça 44 de­re­je­de sowuk bolýar. Şä­her­dä­ki ýa­şaý­jy­lar gyş möw­sümin­de her gü­n 4 sa­gat iş­le­ýär­ler we ga­lan wag­t öý­de bol­ýar­lar. Ýa­kuts­kyň, tak­my­nan, 300 müň ýa­şaý­jy­sy bo­lup, esasan, dag-mag­dan känlerinde işleýärler. Şä­her­de ulag gat­na­wy seý­rek bo­lup, aw­tou­lag­la­ry 24 sa­gat iş­le­dip goý­ma­ly bol­ýar.
Çong Khneas, Kam­bo­ja. Kam­bo­ja­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky süý­ji suw­ly Ton­le­sap kö­lün­de «ýüz­ýän» oba bar. 1997-nji ýyl­da ÝU­NES­KO ta­ra­pyn­dan bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy hök­mün­de hasaba alnan bu oba ba­lyk­çy­la­ryň mes­ge­ni ha­sap­lan­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, «ýüz­ýän»” oba­nyň 1 mil­li­on­dan gow­rak ýa­şaý­jy­sy bar. 3 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan köl­de ba­lyklaryň 200-den gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar.
Kliff, Hy­taý. Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Syçu­an we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän Kliff oba­sy ga­ýa­nyň üs­tün­de we da­gyň ete­gin­de gur­lan tä­sin bi­na­gär­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Oba ýa­şaý­jy­la­ry ga­ýa­la­ryň gy­ra­syn­da­ky bas­gan­çak­lar­dan ýö­räp öý­le­ri­ne bar­ýar­lar. Ýer­den ýo­ka­ry ga­lyp gid­ýän agaç bas­gan­çak­lar 2016-njy ýyl­da po­lat bas­gan­çak­ly ýo­da­lar bi­len çal­şy­ryl­ýar.
Mat­ma­ta, Tu­nis. De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­nyň ki­çi­jik şä­he­ri bo­lan Mat­ma­ta yk­ly­myň iň ga­dy­my we dur­ky sak­lanyp ga­lan bi­na­gär­li­gi ha­sap­lan­ýar. Mat­ma­ta paý­tagt şä­her Tu­nis­den 30 ki­lo­metr uzak­lyk­da, Sa­ha­ra çö­lü­niň iň çe­tin­de ýer­leş­ýär. Bu ýer­dä­ki jaý­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da agaç ýa-da daş ula­nyl­man, top­rak gat­lak­la­ry oýu­lyp ýa­sa­lyp­dyr. Jaý­la­ryň ga­py­la­ry, penjiresi we bas­gan­çak­la­ry hek bi­len ak­la­nyp­dyr. Şä­he­riň 4 müň tö­we­re­gi ýa­şaý­jy­sy bo­lup, zeý­tun ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Mat­ma­ta bi­na­gär­li­gi­niň «Ýyl­dyz sö­weş­le­ri» (1970 ý.) fil­min­de myh­man­ha­na hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan soň, bütin dün­ýä meş­hur bol­ýar.
«Vil­la Gi­ra­so­le», Ita­li­ýa. 1930-njy ýyl­da ital­ýan bi­na­gä­ri Et­to­re Fa­giuo­li ta­ra­pyn­dan gur­lan «Vil­la Gi­ra­so­le» çyl­şy­rym­ly gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gü­ne­ba­kar­dan yl­ham al­nyp gur­lan bu bi­na Gün şöh­le­si­ne gö­rä aý­la­nyp he­re­ket ed­ýär. Gün şöh­le­si­niň ada­ma ber­ýän peý­da­sy göz öňün­de tu­tu­lyp gurlan iki gat­ly bi­na­nyň be­ýik­li­gi 42 metr bo­lup, «L» har­py­na meň­ze­ýär.
Kuber-Pe­di, Awst­ra­li­ýa. Gü­nor­ta Awst­ra­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da, çö­lüň için­de ýer­leş­ýän Ku­ber-Pe­di dün­ýä­niň opal (gym­mat ba­haly daş, ele­ment) paý­tag­ty hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Ko­ber Pe­di­niň ýa­şaý­jy­la­ry ys­sy ýa-da so­wuk ho­wa şert­le­rin­de ýe­ras­ty pen­ji­re­siz jaý­lar­da we go­wak­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Şeý­le­lik bi­len olar ho­wa şer­ti­niň tä­sir­le­rin­den go­ran­ýar­lar. Şä­her­çä­niň 2 müň ila­ty bar.
Pon­te-Wek­ko, Ita­li­ýa. Ar­no der­ýa­sy­nyň üs­tün­de ýer­leş­ýän Pon­te-Wek­ko Flo­ren­si­ýa­nyň iň meş­hur köp­rü­si ha­sap­lan­ýar. XIV asyr­da gur­lan bu köp­ri dür­li mak­sat­lar bilen ula­ny­lyp gel­nip­dir. XX asyr­da köp­ri­niň üs­tün­de söw­da öý­le­ri, na­har­ha­na­lar we hyz­mat ediş öý­le­ri peý­da bo­lup baş­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da köp­rü­de söw­da dü­kan­la­ry bi­len bir ha­tar­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň bol­ma­gy köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Pon­te-Wek­ko ýur­duň mil­li sun­gat bi­na­sy ha­sap­lan­ýar.