Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürt kislotasyny, Şweýsariýanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçileri dürli görnüşli tüýjümek önümleri, nah ýüplügi we matany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 278 müň 150 manatlyk “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bugdaý harpygyny we bentonit külkesini satyn aldylar.