Angliýanyň Premier Ligasynda ýylyň tälimçisi baýragyna çempion Mançester Sitiniň ispaniýaly tälimçisi Pep Guardiola mynasyp boldy. Ol bu ugurda watandaşly Mikel Arteta (Arsenal) bilen Unai Emeriden (Aston Villa), şol sanda Eddi How (Newcastle United), Roberto De Zerbi (Brighton) hem-de Marko Silwa (Fulham) dagydan öňe saýlandy. Pep Guardiola bu baýragy 4-nji gezek eýeläp, ol mundan öň 2017/18, 2018/19 hem-de 2020/21 möwsümlerinde-de ýylyň tälimçisi saýlanypdy. Guardiola bu babatda Žoze Mourinio hem-de Arsen Wengerden öňe geçmegi başardy. Premier Ligada ýylyň tälimçisi baýragyny iň köp Ser Aleks Ferguson gazanyp, ol 11 gezek bu hormata laýyk görüldi.

Mälim bolşy ýaly, Mançester Sitiniň norwegiýaly super ýyldyzy Erling Holann hem Premier Ligada goşa baýrak birden gazanypdy. Ol Premier Ligada ýylyň futbolçysy hem-de ýylyň ýaş futbolçysy baýraklaryny bilelikde gazanan ilkinji oýunçy hökmünde adyny taryha ýazdyrypdy.