Ýaponiýanyň “Toyota Motor” kompaniýasynyň aprel aýyndaky önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,8 göterim ýokary boldy. Şeýlelikde kompaniýa aýlyk rekordy hasaba aldy. Ýapon kompaniýasy ýylyň dördünji aýynda jemi 787 müň 800 ulag öndüripdir. Hytaý we Demirgazyk Amerika sebitleri hem hasaba alnanda kompaniýanyň daşary ýurtlardaky önümçiligi 14,7 göterim artyp, 514 müň 738 ulag öndürilipdir. Ýurduň çägindäki önümçilik desgalaryndaky ösüş 12,2 göterim artyp, 273 müň 62 bolupdyr.
Bu artyşda “Kovid-19” pandemiýasynyň täsiriniň pese gaçmagy we ýarymgeçiriji ýetmezçiliginiň aradan aýrylmagy we awtouaglara islegiň ýokarlanmagynyň täsirli bolandygy bellenilýär.
Aprel aýynda kompaniýanyň daşary ýurtlardaky satuwy 2,3 göterim, ýurduň içindäki satuwy 21,5 göterim artypdyr. Netijede, jemi 800 müň 863 ulag ýerlenipdir. Şeýlelikde, bir aýdaky global satuw 5 göterim artypdyr. Satylan ulaglaryň 1 göterimini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir.
“Toyota” geljek ýylyň mart aýynda tamamlanjak 2023-nji maliýe ýylynda 10,1 million awtoulag öndürmegi we 10,4 million awtoulag satmagy maksat edinýär.
Ogulşat Hojagulyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









