Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi

328

“Cana­lys” mag­lu­mat mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de iň köp sa­ty­lan smart­fon­la­ry mä­lim et­di. Sa­na­wa di­ňe ýo­ka­ry hil­li “akyl­ly” te­le­fon­lar gi­ri­zi­lip­dir. Sa­na­wyň ba­şy­ny “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň te­le­fon­la­ry çek­ýär. Bi­rin­ji ýer­de “iP­ho­ne 14 Pro Max” bar. Ikin­ji orun­da “iP­ho­ne 14 Pro”, üçün­ji orun­da “iP­ho­ne 14” hem-de “iP­ho­ne 13” bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy bäs­deş­li “Sam­sung”-yň “Ga­laxy S23 Ult­ra” smart­fo­ny dör­dün­ji or­ny eýe­läp­dir. Soň­ra bol­sa de­giş­li­lik­de, “iP­ho­ne 14 Plus”, “Ga­laxy S23”, “iP­ho­ne 12”, “Ga­laxy S23 Plus”, “Ga­laxy Z Flip 4” we “iP­ho­ne SE” bar.
Sa­na­wyň on üçün­ji or­nun­da “Xiao­mi 13” bar.
“iP­ho­ne” smart­fon­la­ry mun­dan ozal­ky sa­naw­lar­da hem he­mi­şe di­ýen ýa­ly öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. 2022-nji ýyl­da­ky sa­naw­da “iP­ho­ne 13” iň köp sa­ty­lan smart­fon bo­lup­dy.
Smart­fon, te­le­wi­zor, komp­ýu­ýu­ter we beý­le­ki mo­bil en­jam­la­ry ön­dür­ýän “App­le” hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ryn­dan hem has köp gir­de­ji ga­zan­ýar. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esa­sy gir­de­ji çeş­me­si bu en­jam­lar üçin ni­ýet­le­nen mo­bil go­şun­dy­lar we beý­le­ki hyz­mat­lar bo­lup dur­ýar.
Ýo­ka­ry hil­li smart­fon sa­tu­wyn­da “App­le” bi­rin­ji hem bol­sa, äh­li smart­fon­lar ha­sa­ba al­nan­da “Sam­sung” köp ýyl­dan bä­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Se­bä­bi ko­reý bren­di has köp gör­nüş­li te­le­fon ön­dü­rip, has köp müş­de­ri­ni özü­ne çek­ýär.

Baý­ram­gel­di Jom­ma­now, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.