(Erteki)

Ir dö­wür­ler­de bir oba­da us­sat neç­jar ýa­şap, ol agaç­dan ne­pis ho­ja­lyk es­bap­la­ry­ny hem-de gu­ral­la­ry­ny ýa­sap­dyr. Ol agaç­dan nä­çe köp zat ýa­sa­sa-da to­kaý­da­ky agaç­lar bir­jik­de ke­mel­män­dir. Se­bä­bi us­sat neç­jar haý­sy­dyr bir aga­jy kes­se, ýe­ri­ne iki na­hal otur­dar eken. Ýö­ne neç­jar ogul­la­ry­na mu­nuň baş­ga bir sy­ry­nyň bar­dy­gy­ny hem ýaň­zy­dyp­dyr. Neç­ja­ryň üç og­ly bo­lup­dyr. Us­sa gar­rap tap­dan dü­şen­den soň ogul­la­ry­ny ýa­ny­na ça­gy­ryp:
– Si­ziň her bi­ri­ňiz to­ka­ýa gi­dip, hiç zat ýa­sap bol­ma­ýan aga­jy ke­sip ge­ti­riň – diý­ýär.
Il­ki bi­len uly og­ly to­ka­ýa gid­ýär. Ol der­rew bir eg­ri aga­jy ta­pyp:
– Şu­nuň-a sü­tü­ni su­gu­nyň tum­şu­gyn­dan ena­ýy däl, şa­ha­la­ram şa­hyn­dan. Mun­dan ne ga­py, ne-de bir gu­ral ýa­sap bol­jak – di­ýip, eg­ri aga­jy ke­sip ka­ka­sy­nyň ýa­ny­na ge­tir­ýär.
Go­ja us­sa aga­jy iç­gin syn­lap, mys-mys gül­ýär.
– Sen-ä han ogul ga­ty üýt­ge­şik agaç ge­ti­rip­siň. Ýö­ne bu se­niň çak edi­şiň ýa­ly däl. Mun­dan azal ýa­sa­saň bol­jak ahy­ryn – diý­ýär-de, on­dan azal ýa­sa­ma­ga gi­riş­ýär. Soň­ra taý­ýar bolan aza­la göz gez­di­ren go­ja:
– Şu­nuň ýa­ly agaç­dan ýa­sa­lan azal mä­käm bo­lup, uza­k wagtlap ulandyrar – diý­ýär.
To­ka­ýa git­mek ge­ze­gi or­tan­jy og­lu­na gel­ýär. Go­ja­nyň bu og­ly der­de ýa­ramajak agaç göz­läp ýör­şü­ne bi­lek my­sa­ly bir aga­jyň üs­tün­den bar­ýar. Og­lan aga­jyň bal­da­gyn­dan tu­tup aşak çek­ýär we­lin, agaç ep­le­nip du­ru­ber­ýär. «Şun­dan-a hiç zat ýa­sap bo­lar öý­de­mok» di­ýip, öz ýa­nyn­dan pi­kir öw­ren og­lan ikir­jiň­len­män aga­jy kes­ýär-de ka­ka­sy­nyň ýa­ny­na alyp gel­ýär. Aga­jy gö­rüp, ýü­zi ýag­ty­la­n go­ja:
– Bä, og­lum, sen-ä me­niň köp wagt­dan bä­ri göz­läp ýö­ren aga­jy­my ge­tir­diň. Mun­dan ýer sür­ýän ökü­zi­mi­ze bo­ýun­ty­ryk ýa­sa­sak tüýs ýe­ri­ne dü­şer – diý­ýär-de, or­tan­jy og­lu­nyň der­de ýa­ramaz di­ýip ge­ti­ren aga­jyn­dan öküz üçin bo­ýun­ty­ryk ýa­sa­ýar.
Ahy­ry ge­zek kör­pe og­lu­na gel­ýär. Onuň to­ka­ýa gi­de­ni­ne ep-esli gün bol­ýar, ýö­ne nä­me üçin­dir ol wag­ty bi­len yzy­na do­lan­ma­ýar. Ol to­kaý­da nä­çe aý­lan­sa-da, der­de ýa­ra­ma­ýan aga­ja duş gel­me­ýär. Ol to­kaý­da­ky agaç­la­ryň äh­li­si­niň peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär. Üç gün­den soň öýü­ne do­la­nan körpe ogly ka­ka­sy­na ýüz­le­nip:
– Men to­ka­ýyň ähli ýe­ri­ni aý­la­nyp çyk­dym, ýö­ne is­len­dik aga­jy haý­sy­dyr bir mak­sat üçin ulan­saň bol­jak. Men-ä der­de ýa­ra­ma­ýan aga­ja du­şan däl­di­rin, ka­ka – di­ýip, eg­ni­ni gys­ýar.
Og­lu­nyň bu söz­le­rin­den ho­şal bo­lan go­ja, kör­pe og­lu­na neç­jar­çy­lyk et­mä­ge ak pa­ta ber­ýär:
– Ine, mu­nyň bol­ýar. Dog­ru­da­nam, de­rek­siz agaç ýok. Aga­jyň äh­li­sin­den özü­ne la­ýyk bir zat ýa­sap bol­ýar. Bu us­sa­nyň ukyp-başarnygyna bag­ly. Men to­ka­ýa gi­de­nim­de öz ýa­sa­jak za­dy­ma gö­rä agaç kes­dim, ola­ryň iň oňaý­ly­sy­ny saý­la­dym. Ba­har pas­lyn­da bol­sa, ke­sen agaç­la­ry­myň her biriniň ýe­ri­ne iki düýp na­hal oturt­dym. Öz ön­dür­jek za­dy­ňa saz­lap, agaç kes­seň is­rip­çi­lik bol­maz, to­kaý­da­ky agaç­lar hem azal­maz, ýasaýan zadyňam hiç ki­miň­ki­den pes bol­maz…
Işi­ne jür us­sa­nyň be­ren mas­la­ha­ty ogul­la­ry üçin he­mi­şe­lik sa­pak bol­ýar. Şon­dan soň go­ja­nyň kör­pe og­ly ka­ka­sy­nyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, agaç us­sa­çy­ly­gy­na baş­la­ýar.
Her kim jeň­ňe­le gi­der, özü­ne meň­zeş agaç ke­ser.