Zim­bab­we­niň Pre­zi­den­ti Em­mer­son Mnan­gag­wa 23-nji aw­gust­da ýurt­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň da­laş­gär­le­ri­ne saý­law­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­nyň baş­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
“New Zia­na” ha­bar gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, Pre­zi­dent, ka­nun çy­ka­ry­jy we hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin 5,8 mil­li­on­dan gow­rak adam bel­li­ge alyn­dy.
Hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da­ky “Zim­bab­we­niň Af­ri­ka mil­li bi­le­le­şi­gi – Wa­tan­çy­lyk fron­ty /ZA­NU-PF/ saý­la­wa da­laş­gär­le­ri­ni hö­dür­le­mek üçin eý­ýäm il­kin­ji se­si­ni ber­di, ýö­ne iki esa­sy par­ti­ýa – “De­mok­ra­tik üýt­geş­me­ler he­re­ke­ti” – “Tsvan­gi­rai” we “Üýt­ge­şik­lik üçin ra­ýat koa­li­si­ýa­sy” en­tek da­laş­gär­le­ri­ni hö­dür­le­me­di.