Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­ly­gy gu­ra­ma­sy (FAO) maý aýyn­da azyk önüm­le­ri­niň hal­ka­ra ba­ha­la­ry­nyň esa­sy in­dek­si­niň ap­rel aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, pe­se ga­çan­dy­gy­ny ha­sa­ba al­dy. Şeý­le­lik­de, gal­la, ösüm­lik ýag­la­ry we süýt önüm­le­ri ar­zan­la­dy.
Her aý­da has ýör­gün­li azyk önüm­le­ri­niň dün­ýä ba­ha­la­ry­nyň ýag­da­ýy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän FAO-nyň azyk önüm­le­ri­niň ba­ha­la­ry bo­ýun­ça in­dek­si, maý aýyn­da ap­rel bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 2,6 gö­te­rim we 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da­ky re­kord bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 22,1 gö­te­rim pe­se gaç­dy.
Maý aýyn­da ba­ha­la­ryň pe­se gaç­ma­gy, esa­san, gal­la ha­sy­ly üçin amat­ly ho­wa şert­le­ri hem-de im­por­ta bo­lan is­le­giň pes bol­ma­gy bi­len şert­len­di. Bug­da­ýyň hal­ka­ra ba­ha­sy hem 3,5 gö­te­rim ar­zan­la­dy. Bu ýag­daý ýe­ter­lik üp­jün­çi­li­giň bol­ma­gy we Ga­ra de­ňiz ar­ka­ly dä­ne da­şa­ly­şy­nyň ýe­ne-de uzal­dyl­ma­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
Şol bir wag­tyň özün­de, Azi­ýa ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän sa­tyn alyş­la­ryň tä­si­ri hem-de Wýet­nam we Pa­kis­tan ýa­ly kä­bir eks­port­çy­lar ta­ra­pyn­dan üp­jün­çi­li­giň azal­ma­gy ne­ti­je­sin­de, maý aýyn­da tü­wi­niň hal­ka­ra ba­ha­sy ýo­kar­lan­dy.
FAO-da ösüm­lik ýa­gy­nyň ba­ha­sy bo­ýun­ça in­deks maý aýyn­da 8,7 gö­te­rim aşak­lap, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­niň gör­ke­zi­ji­sin­den 48,2 gö­te­rim pes.
Bra­zi­li­ýa­da bol so­ýa ha­sy­ly­nyň we ABŞ-da ga­ra­şyl­ýan­dan has ýo­ka­ry äti­ýaç­lyk­la­ryň bar­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň ne­ti­je­sin­de, hal­ka­ra so­ýa ýa­gy­nyň ba­ha­sy al­tyn­jy aý­da pe­se gaç­dy. Şol bir wag­tyň özün­de dün­ýä de­re­je­sin­de ep-es­li üp­jün­çi­li­giň bol­ma­gy, raps we gü­ne­ba­kar ýag­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň ha­sam pe­sel­me­gi­ne se­bäp bol­dy.
FAO-da süý­düň ba­ha­sy bo­ýun­ça in­deks ap­rel aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 3,2 gö­te­rim pe­se düş­di. Bu, esa­san, De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da möw­süm­le­ýin ýo­ka­ry süýt önüm­çi­li­gi­niň ne­ti­je­sin­de, ýe­ter­lik eks­port üp­jün­çi­li­gi­niň bol­ma­gy we peý­ni­riň hal­ka­ra ba­ha­la­ry­nyň düýp­gö­ter pe­sel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Şol bir wag­tyň özün­de gu­ry süýt we mes­ge ýa­gy üçin hal­ka­ra ba­ha­la­ryň di­kel­dil­ýän­di­gi bel­len­di.
FAO-da şe­ke­riň ba­ha­sy bo­ýun­ça in­deks eý­ýäm dör­dün­ji aý yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny do­wam et­di­rip, ap­rel aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 5,5 gö­te­rim, ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 31 gö­te­rim tö­we­re­gi ýo­kar­lan­dy. Ba­ha­la­ryň düýp­li ýo­kar­lan­ma­gy, El-Ni­no­nyň gel­jek möw­süm­de ekin­le­re ed­ýän tä­si­ri ne­ti­je­sin­de, glo­bal üp­jün­çi­li­giň azal­ma­gy ba­ra­da­ky ala­da­la­ryň art­ma­gy­nyň we Bra­zi­li­ýa­da­ky so­ýa we mek­ge­jö­wen ön­dü­ri­ji­le­ri­niň güýç­li bäs­le­şi­gi se­bäp­li ýük da­şa­ma­gyň ha­ýal­la­ma­gy­nyň ne­ti­je­si bol­dy. Şu­nuň bi­len bir wagt­da, Bra­zi­li­ýa­nyň 2023-nji ýyl­da gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly üçin amat­ly ýag­da­ýy we hal­ka­ra çig ne­bit nyrh­la­ry­nyň pe­sel­me­gi ba­ha­la­ryň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­dy.
FAO-da etiň ba­ha­sy bo­ýun­ça in­deks maý aýyn­da bir gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Bu, il­kin­ji no­bat­da, Azi­ýa­da guş eti­ne dur­nuk­ly ýo­ka­ry is­leg we ABŞ-da sy­gyr eti­niň çäk­len­di­ri­len üp­jün­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.