3-nji iýunda BMG-niň howandarlygynda Parižde guralan maslahata gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli plastik bilen hapalanmagy bes etmek baradaky şertnamanyň başlangyç taslamasyny işläp düzmek barada ylalaşyk gazandylar. Bu forum dünýädäki galyndylaryň iň uzak saklanýan çeşmelerinden birine garşy göreşmek üçin möhüm ädimdir. Ara alyp maslahatlaşmalara 175 ýurduň wekilleri gatnaşyp, plastik hapalanmagyna garşy göreşde möhüm ädim ätdiler.
-Pariždäki maslahat gutarandan soň hem, halkara gepleşikler Keniýada guraljak duşuşyga çenli dowam etdirilmeli. Eger-de muny başarsak 2024-nji ýylda maksada ýetip bileris – diýip, Fransiýanyň daşky gurşaw ministri Kristof Beşýu aýtdy.
-Bize hökümetlere howply plastikany gadagan etmege, ony gaýtadan ulanmaga, gaýtadan işlemege we galyndylary durnukly dolandyrmaga borçly edýän global şertnama gerek. Tebigat we saglygymyz plastik hapalanma zerarly zyýan çekýär – diýip, Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň (WWF) wekilleri Pariždäki gepleşikleriň dowamynda bellediler.
Gepleşikleriň maksady, dünýäde ýyllyk plastmassa önümçiligini ep-esli azaltmak. Çünki onuň önümçiligi soňky 20 ýylda iki esse artyp, 460 million tonna ýetdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlaryna görä, 2060-njy ýyla çenli öndürilen plastikanyň mukdary häzirki bilen deňeşdirilende üç esse artar.