To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gynyň de­re­je­si hem ýo­kar­lan­ýar. Gü­nüň ýi­ti şöh­le­si sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, ys­gyn­syz­ly­ga, be­de­niň su­wuk­lyk de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne, de­ri­niň gu­ra­ma­gy­na we köý­me­gi­ne ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li tom­su­na dog­ry iý­mit­len­mek we möw­sü­me gö­rä egin-eşikleri saý­la­mak esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bi­ler­men­ler sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­mez­den to­mus möw­sü­mi­ni ge­çir­me­giň ýol­la­ry­ny mas­la­hat ber­ýär­ler.
Gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri iýmeli. To­mus­ky iý­mit sa­na­wyn­da gök önüm­dir mi­we­le­re esa­sy orun be­ril­ýär. So­gan, hy­ýar, kä­di, gar­pyz, ga­wun ýaly gök önümleriň dür­li gör­nü­şi­ni iý­mek arkaly be­de­n ge­rek­li wi­ta­min­ler bilen üp­jün edilýär. An­ti­ok­si­dant­la­ra, wi­ta­min­le­re, mi­ne­ral­la­ra we su­wa baý bo­lan bu önüm­le­ri ter­li­gi­ne iý­mek bi­len bir ha­tar­da, olardan iş­däa­çar­lar, süý­jü­lik­ler we şer­bet­ler hem taý­ýar­la­nyl­ýar.
Suwy köp iç­me­li. To­mus möw­sü­min­de be­den üçin iň ze­rur se­riş­de suw bo­lup, her gün 3 litr suw iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ys­sy ho­wa­da be­de­niň der­le­me­gi bi­len öň­kü­ler­den köp su­wuk­lyk bö­lü­nip çyk­ýar. De­ri­niň we do­da­gyň gu­ra­ma­gy, kel­la­gy­ry we ba­şaý­lan­ma ýa­ly ala­mat­lar be­de­niň suw ýet­mez­çi­li­gi­ni aň­lad­ýar. Şol se­bäp­li su­w köp içmeli. Li­mon­ly şer­bet, gar­pyz şi­re­si, ko­kos su­wy we gök çaý hem suw­suz­ly­gy gan­dyr­ýan peý­da­ly içim­lik­ler­dir. To­mus möw­sü­min­de ko­fe­dir gaz­ly içim­lik­le­ri iç­mek ar­ka­ly suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Az-az­dan bir­nä­çe ge­zek na­har­lan­ma­ly. To­mus gök önüm­le­ri iý­me­giň wag­ty­dyr. Şonuň üçin ýu­murt­ga­ny we eti az iý­me­li. Bu önüm­le­riň köp iýil­me­gi iý­mit siň­di­riş­de kyn­çy­lyk dö­re­dip, aş­ga­za­nyň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu bol­sa ada­my bi­yn­ja­lyk edip, oňaý­syz ýag­da­ýa sal­ýar. Ys­sy ho­wa­da et önüm­le­ri­niň or­nu­ny ba­lyk­dyr guş eti bi­len ça­lyş­mak has dog­ru­sy­dyr. To­mus­da az-az­dan ýe­ňil­jek na­har­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le hem dü­zü­min­de köp muk­dar­da ug­le­wod we ýag bo­lan iý­mit­ler­den ga­ça dur­ma­ly.
Gün şöh­le­sin­den go­ran­ma­ly. Gün şöh­le­si, esa­sa­nam, gü­nor­tan ça­gy has güýç­len­ýär. Şol se­bäp­li zerur bol­ma­sa gü­nor­ta­n açyk meý­dan­da gez­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Daň atan­dan 11:00-a çen­li, 17:00-dan soň Gün bat­ýan­ça meý­dan iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ho­wa­nyň sal­kyn­la­ýan wag­ty­dyr. To­mus­da nah ma­ta­dan taý­ýar­la­nan egin­-eşikleri geý­mek Gün şöh­le­si­niň tä­si­ri­ni azalt­mak­da peý­da­ly bo­lar. Şeý­le hem Gü­ne gö­ni se­ret­mek­den ga­ça dur­ma­ly. Ze­rur ha­la­tyn­da sa­ýa­wan gö­ter­me­gi ýa-da äý­nek da­kyn­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.
Möw­sü­me gö­rä maşk etmeli. To­mus­da be­de­niň köp muk­dar­da su­wuk­ly­gy bö­lüp çy­kar­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­mak bi­len ýa­pyk bi­na­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän maşk­la­ry saý­la­ma­ly. Ýüz­mek to­mus pas­lyn­daky iň go­wy maşk­lar top­lu­my ha­sap­lan­ýar. Sal­kyn­ howada ýö­re­mek we ýo­ga bi­len meş­gul­lan­mak hem to­mus pas­ly üçin amat­ly maşk­lar­dyr.
Mör-mö­jekler­den se­re­sap bol­ma­ly. To­mus meý­dan iş­le­ri­niň gyz­ga­laň­ly möw­sü­mi ha­sap­lan­ýar. Bu möw­süm­de mör-mö­jek­le­riň kö­pel­ýän­di­gi­ni göz öňün­de tut­mak bi­len eli­ňi, boý­nu­ňy we aýak­la­ry­ňy ýa­pyp du­ran egin-eşik geý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le hem da­şar­dan ge­lip öýe gir­mez­den ozal egin-eşikleriňi silk­mek we göz­den ge­çir­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Kadaly uklamaly. To­mus­da gün­ler ga­ty uzyn bo­la­ny üçin gü­nor­ta­ny­na dynç al­mak (az wagt­lyk uky) be­de­niň güýç top­la­ma­gy üçin peý­da­lydyr. Gi­je­si­ne 7-8 sa­gat uk­la­mak esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup, ka­da­ly uky alyn­ma­dyk ýag­da­ýyn­da sag­lyk bi­len bag­ly me­se­le­ler: baş aý­lan­ma, ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, ýü­rek bu­lan­ma we özü­ňi agyr duý­mak ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­ýar.