7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki günlük iş sapar bilen Yslamabat şäherine geldi.
Şol gün Pakistanyň Energiýa ministrliginde, Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň, Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary A.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň, Pakistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri Hurram Dastgir Hanyň we Pakistanyň Energiýa ministrliginiň nebit-gaz boýunça döwlet ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini, aýratyn-da “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji liniýasynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasynyň durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar. TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatynda möhüm işleriň ýerine ýetirilendigi bellenip, Galkynyş gaz ýatagyndan Türkmenistan – Owganystan serhedine çenli uzynlygy 214 km bolan TOPH taslamasynyň Türkmenistan böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy aýdyldy.
TOP elektrik geçirijisi diňe bir TOPH gaz geçirijisini elektrik energiýa bilen üpjün etmän, eýsem Pakistanyň içerki islegini kanagatlandyrmakda we elektrik energiýasynyň çykdajylaryny azaltmakda möhüm orun eýeläp biljekdigi bellenildi.
Pakistan tarapy, TOPH we TOP taslamalarynyň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi we Pakistanda energiýa howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi gazanmakda ähmiýetini belläp, Pakistanyň hökümetiniň bu taslamalary doly goldaýandygyny nygtady.
Taraplar bilelikdäki energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda Türkmenistanyň we Pakistanyň Tehniki Iş toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana sapary dowam edýär.