13-nji iýun­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Awa­za — 2023” at­ly hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly­nyň açy­ly­şy bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän çä­rä gat­naş­mak üçin hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, ugur­daş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Eý­ran­dan, Hin­dis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Hy­taý­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Öz­be­gis­tan­dan alym­lar we hü­när­men­ler, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, sah­na us­sat­la­ry gel­di­ler.
Dün­ýä halk­la­ry­nyň sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan bu hal­ka­ra fo­rum ýur­du­myz­da öz­bo­luş­ly mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi go­rap sak­la­mak we giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler bi­len bag­ly­lyk­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky in­te­rak­tiw suw çüw­dü­rim­li se­ýil­gäh­dä­ki uly sah­na­nyň ýa­nyn­da Hö­kü­met ag­za­la­ry, me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor­la­ry, mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry ýyg­nan­dy­lar.
Kon­sert mak­sat­na­ma­sy dür­li halk­la­ryň saz sun­ga­ty­nyň kö­pö­wüş­gin­li­li­gi­ni, mil­li däp­le­riň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny şöh­le­len­dir­di.
To­ma­şa­çy­lar dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ge­len tans to­par­la­ry­ny mä­hir­li gar­şy al­dy­lar. Ola­ryň kä­bir­le­ri ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra me­de­ni çä­re­le­re en­çe­me ge­zek gat­naş­dy­lar.
Ýur­du­my­zyň meş­hur tans we folk­lor to­par­la­ry, halk tans­la­ry­ny we aý­dym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler kon­sert­de türk­men sun­ga­ty­na we­kil­çi­lik et­di­ler.
Dün­ýä halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň dür­li ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­me­gi­ne, dost­lu­gyň we yla­la­şy­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň baş pi­ki­ri ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Umu­my mak­sat­dan ruh­la­nan ar­tist­ler her ese­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne öz ze­hin­le­ri­ni siň­dir­di­ler. Köp san­ly to­ma­şa­çy­lar dün­ýä halk­la­ry­nyň aja­ýyp aý­dym-saz sun­ga­tyn­dan, ga­dy­my saz gu­ral­la­ry­nyň ja­dy­laý­jy owa­zyn­dan lez­zet al­dy­lar.
Türk­men ar­tist­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Küşt­dep­di» tan­sy bol­sa to­ma­şa­çy­lar­da we fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­dy. Bu ga­dy­my aý­dym we tans sun­ga­ty 2017-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
«Awa­za — 2023» at­ly hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly­nyň hem-de «Folk­lor dö­re­di­ji­li­gi­niň we halk tan­sy­nyň des­sur­la­ry» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de du­şu­şyk­lar, tans sun­ga­ty bo­ýun­ça us­sat­lyk sa­pak­la­ry ge­çi­ri­ler. Her ag­şam halk dö­re­di­ji­lik, folk­lor-et­nog­ra­fik to­par­la­ry çy­kyş edip, to­ma­şa­çy­la­ra öz mil­li sun­ga­ty­ny gör­ke­zer­ler.
Myh­man­lar üçin me­de­ni mak­sat­na­ma gu­ral­dy, ol «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy, de­ňiz suw ula­gyn­da ge­ze­lenç­le­ri özün­de jem­le­ýär.
Şu gün Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky aja­ýyp in­te­rak­tiw suw çüw­dü­rim­li se­ýil­gäh top­lu­my­nyň am­fi­te­at­ryn­da «Awa­za — 2023» at­ly hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy, de­giş­li dip­lom­la­ryň gow­şu­ry­ly­şy hem-de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki jem­leý­ji kon­ser­ti bo­lar.