“Go­og­le”, “App­le”, “Micro­soft”, “Ama­zon” we “Facebook” kom­pa­ni­ýa­la­ry dün­ýä­niň iň gym­mat brend­le­ri­niň bäş­li­gi­ne gir­di­ler. Bu ba­ra­da bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry WPP we “Kan­tar Mill­ward Brown”-yň ýyl­lyk nu­tu­gy “The BrandZ Glo­bal Top-100”-de mä­lim edil­ýär. Bu ýyl hem li­der­le­riň üç­lü­gi üýt­gew­siz gal­dy, “Ama­zon”-a öz gör­ke­zi­ji­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­şar­dyp, ýe­din­ji orun­dan dör­dün­ji or­na geç­me­gi ba­şar­dy, “Facebook” bol­sa, di­ňe öz or­nu­ny sak­la­dy.
Ýo­kar­da ýat­la­nyp ge­çi­len kom­pa­ni­ýa­la­ryň gir­de­ji­le­ri reý­tin­ge gi­ren äh­li 100 kär­ha­na­nyň 25 gö­te­rim gir­de­ji­sin­den yba­rat­dyr. Brend­le­ri öw­ren­mek­de gat­na­şy­jy­la­ryň je­mi ba­ha­sy 2016-njy ýyl­da 3,4 tril­li­on­dan 2017-nji ýyl­da 3,6 tril­lio­na çen­li 8 gö­te­rim ös­di.
“The BrandZ Glo­bal Top-100” reý­tin­gin­de dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki kuw­wat­ly ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­la­ry bo­lan in­ter­net şe­re­ket­le­ri ag­dyk­lyk ed­ýär. Bar­la­gyň do­wa­myn­da bi­ler­men­ler dün­ýä bo­ýun­ça üç mil­li­on­dan gow­rak aly­jy­dan dün­ýä­niň 50 ba­za­ryn­da hö­dür­le­nen 120 müň tö­we­re­gi bren­de bo­lan gat­na­şy­gy­ny so­rap­dyr­lar. Mun­dan baş­ga-da, kom­pa­ni­ýa­la­ryň dür­li ma­li­ýe we biz­nes gör­ke­zi­ji­le­ri na­za­ra al­nyp­dyr.
1971-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan WPP kom­pa­ni­ýa­sy ma­ha­bat we jem­gy­ýet­çi­lik bi­len ara­gat­na­şyk ug­run­dan iş­le­ýär. Ol “Kan­tar Mill­ward Brown” şe­re­ke­ti­ne eýe bo­lup, brend stra­te­gi­ýa­sy bo­ýun­ça kon­sal­ting mas­la­hat­la­ry hö­dür­läp, rek­la­ma we brend ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öw­ren­mek bi­len iş sa­lyş­ýar.