16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Dürli önümleriň sergisi
Merkeziň eýwanynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümlerinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde işlenip taýýarlanylan dürli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Görkezilýän önümleriň hatarynda polipropilenden we polietilenden taýýarlanylan sanjym serişdeleriniň birnäçe görnüşleri bar.
Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalary esasynda, ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, 11 ugur boýunça açyşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda işlenip taýýarlanylan önümler we ylmy açyşlaryň netijeleri boýunça birnäçe patentler alyndy.
Şeýle hem sergide “Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy işleriň ýygyndysy goýlupdyr.
Sergide Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan önümlere aýratyn orun berlipdir. Buýan köküniň we üzärlik tohumynyň gaýtadan işlenilmegi bilen alnan önümler, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň galyndysyndan nahar duzunyň alynmagynyň tehnologiýasy baradaky maglumatlar ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary edýändigini görkezýär. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň maglumatlaryna salgylanyp geçirilýän ylmy-barlag işleri oňyn netijeleri berýär.
Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň, dermanlyk serişdeleriň işjeň ulanylmagy, bu ugra degişli önümçiligiň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, ylmy işläp taýýarlamalaryň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň bu ugra gönükdirilmeginiň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz täze ylmy açyşlaryň, öňe sürülýän teklipleriň içgin öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň ähli ugurlarynda örän uly üstünlikleri gazanandygyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylandygyny belledi. Häzirki döwürde hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini gowulandyrmak hem-de depginli ösdürmek boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar. Täze-täze döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyz özgerip, has gözel görnüşe eýe bolýar. Bu işleriň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň ynamly öňe barýandygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri hem berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we yzygiderli üns-goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheri iki tapgyrdan ybarat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Biz ony ýakyn günlerde dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Şolaryň arasynda iki we köp gatly, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş hem-de medeni maksatly binalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary bar.
Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Täze şäheriň ekologik taýdan arassa bolmagy üçin köp işler amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi. Munuň üçin şäheriň köçelerinde we daş-töwereginde köp sanly bag nahallary oturdyldy. Ekologik talaplara laýyk gelýän sazlaşykly ýol-ulag düzümi döredildi.
Garaşsyzlyk eýýamynyň ruhuna laýyk gelýän obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň düýbüni tutmak we gurmak indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz şu gün dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Arkadag şäheriniň häkimliginiň maddy binýadyny berkitmegiň meseleleri hakynda» hem-de «Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararlara gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça ýadygärlik ýazga gol çekdi. Bu ýadygärlik ýazgysy ýörite guta salyndy.
28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellener
Öňümizde Gurban baýramy hem ýetip gelýär. Şol günler üç günläp dynç alarys hem-de şäheriň toý-dabaralaryna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. “Bu mukaddes baýram gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýär. Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we mähriban halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Täze kitap neşir edildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu günki giňişleýin göçme mejlisiň hormatly Arkadagymyzyň döreden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda geçirilmeginiň hem örän uly manysynyň bardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu gaznanyň durmuşa geçirýän işleri bilen bagly täze kitabyň neşir edilendigini belläp, şu günki dabaralardan soňra, bu neşiriň oňa gatnaşyjylaryň ählisine gowşuryljakdygyny aýtdy.
Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi
Soňra döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň belent ruha beslenen şowhunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýaş nesliň wekilleri döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendiler. Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy galdyran gutujygyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň biriniň düýbüne atdy. Hormatly Prezidentimiz täze guruljak binanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklady hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek mynasybetli guralan dabara täze şäherde döwrebap önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna guramaçylykly girişiljekdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Döwrebap awtoulaglar gowşuryldy
Soňra hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň edara-kärhanalary üçin niýetlenen gulluk awtoulaglaryny, hususan-da, şäher häkimliginiň düzümleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Saglygy goraýyş, Maliýe, Polisiýa, Milli howpsuzlyk ministrliginiň müdirlikleri, şeýle hem şäher prokuraturasy, migrasiýa gullugynyň müdirligi, harby wekilligi, Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi we beýleki gulluklar üçin niýetlenen döwrebap awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Dabaralardan soňra toý sadakasy berildi. Okalan aýat-töwirlerde Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagy dileg edildi.