15-nji iýun­da A.Žaý­na­kow adyn­da­ky Bat­ken we­la­ýat saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp goý­lan “Py­ra­gy” oý­nu­nyň no­bat­da­ky gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan Da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ş.Me­re­dow, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň me­de­ni­ýet, mag­lu­mat, sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry K.Ima­na­li­ýew we köp san­ly to­ma­şa­çy­lar gat­naş­dy.
K.Ima­na­li­ýew oý­nuň go­ýu­ly­şy­na, ar­tist­le­riň we re­žiss­ýo­ryň işi­ne uly ba­ha be­rip, türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­ny gyr­gyz hal­ky­na ta­nat­mak­da eden ägirt uly iş­le­ri üçin ola­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Şol gün il­çi Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti­niň Bat­ken we­la­ýa­ty bo­ýun­ça do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li­niň (gu­ber­na­to­ry­nyň) bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Ma­ruf­han Tu­la­ýew bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.
Du­şu­şyk­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, hu­su­san­da, do­gan­lyk we­la­ýat­lar bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ahal we­la­ýa­ty bi­len Gyr­gy­zys­ta­nyň Bat­ken ob­las­ty­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le-de M.Tu­la­ýew “akyl­ly” şä­her kon­sep­si­ýa­sy esa­syn­da gu­rul­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.