Ys­sy ho­wa­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de kä­ha­lat­lar­da te­le­fo­ny­myz aşa de­re­je­de gy­zyp bil­ýär. Şeý­le ýag­daý­da kä­bir te­le­fon­la­ryň ek­ra­nyn­da bu ba­ra­da bil­di­riş hem peý­da bol­ýar. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, te­le­fon­lar iş­län wag­ty gyz­gyn­lyk eme­le gel­ýär. Te­le­fo­nyň gyz­gyn­ly­gy bel­li bir de­re­je­den ge­çen­de, ze­per ýet­mez­lik üçin iş­leý­şi aw­to­mat ýag­daý­da pe­sel­ýär. Adat­ça, te­le­fon­lar 35 de­re­jä çen­li tem­pe­ra­tu­ra­da iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen bol­ýar. En­ja­myň ener­gi­ýa çeş­me­si bo­lan ba­ta­re­ýa­nyň gyz­ma­gy bol­sa onuň zar­ýa­dy­nyň hem has çalt gu­tar­ma­gy­na ge­tir­ýär. Eger du­ran ýe­ri­ňiz ýag­ty bol­sa, smart­fo­nyň ek­ra­ny­nyň ýag­ty­ly­gy hem ýo­kar­lan­ýar. Bu ýag­daý hem has köp ener­gi­ýa ta­lap edip, en­ja­myň zar­ýa­dy­nyň adat­da­ky­dan has köp azal­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Eý­sem, te­le­fo­nyň gyz­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin nä­me et­me­li?
Te­le­fo­na gö­nü­den-gö­ni Gün şöh­le­si­niň düş­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ly. Eger ulag­ly bol­sa­ňyz, Gün şöh­le­si düş­ýän ýer­de goý­lan te­le­fon has köp gy­zyp bil­ýär. Se­bä­bi, ula­gyň aý­na­sy şöh­lä­ni has gyz­dy­ryp ge­çir­ýär.
Ys­sy ho­wa­da te­le­fo­nyň bir­nä­çe prog­ram­ma­sy­ny bir­wagt­da iş­let­mek­den sak­la­nyň! Ulan­ma­ýan prog­ram­ma­la­ry­ňy­zy öçü­rip go­ýuň! Nä­çe az prog­ram­ma ulan­sa­ňyz, te­le­fo­ny­ňyz şon­ça-da az ener­gi­ýa sarp ed­ýär. Te­le­fo­ny az ener­gi­ýa sarp ed­ýän düz­gün­de iş­le­diň. Eger aşa gy­zan bol­sa, te­le­fo­ny öçü­rip, bir­nä­çe mi­nut­dan açyp bi­ler­si­ňiz.
Smart­fo­ny so­wat­mak üçin so­wa­dy­ja goý­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Se­bä­bi, en­ja­myň gyz­gyn­ly­gy­nyň bir­den so­wa­ma­gy oňa ze­per ýe­ti­rip bi­ler.
Eger ys­sy ho­wa­da da­şar­da gez­me­li bol­ýan bol­sa­ňyz, te­le­fo­ny­ňy­zy jü­bü­ňiz­de däl-de, ýö­ri­te ýan­tor­ba­da gö­te­riň. Se­bä­bi jü­bü­de du­ran te­le­fon adam be­de­ni­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy bi­len has köp gyz­ýar.