Türk­me­nis­tan bi­len Ys­ra­ýy­lyň da­şa­ry sy­ýa­sy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di
20-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow bi­len Ys­ra­ýyl Döw­le­ti­niň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Eli Ko­en bi­len te­le­fon söh­bet­deş­li­gi ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň bir­nä­çe me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di.
Hu­su­san-da, ta­rap­lar iki ýur­duň işe­wür­ler bir­le­şik­le­ri­niň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak ar­ka­ly söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Türk­men ta­ra­py köp­ta­rap­la­ýyn meý­dan­ça­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň ýag­daý­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Te­le­fon söh­bet­deş­li­gi Ys­ra­ýyl ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­di.