Ýur­du­my­zyň ýol­la­ryn­da he­re­ke­tiň howp­suz­ly­gy­ny ga­zan­mak Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­dir. Ýol­lar­da ulag se­riş­de­le­ri­niň art­ma­gy ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň pug­ta ber­jaý edil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär.
Döw­le­ti­miz­de ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny ga­zan­mak­ly­ga uly üns ber­lip, ra­ýat­la­ryň ra­hat­ly­gy­ny üp­jün et­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len bu me­se­le ba­bat­da döw­let de­re­je­sin­de döw­re­bap iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri ýol­la­ra, köp gat­naw­ly kö­çe­le­re berk gö­zeg­çi­lik edip, ýol­la­ryň ha­dy­sa­syz bol­ma­gy üçin gi­je-gün­diz ala­da ed­ýär­ler. Şeý­le hem or­ta mek­dep­ler­de, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny dog­ry ber­jaý et­mek, gat­naw­ly ýol­lar­da özü­ňi alyp bar­mak dog­ru­syn­da dür­li çä­re­ler gu­ral­ýar. Şeý­le ala­da­nyň düýp mak­sa­dy kö­çe­le­riň ha­dy­sa­syz bol­ma­gy­ny, il-gü­nü­mi­ziň aba­dan­çy­ly­gy­ny ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr.
Sü­rü­ji­le­re ilat­ly ýer­ler­de sa­gat­da 60 ki­lo­metr tiz­lik­den ýo­ka­ry bol­ma­dyk tiz­lik bi­len he­re­ket et­mä­ge, ilat­ly no­kat­la­ryň da­şyn­da bol­sa ýe­ňil aw­tou­lag­la­ry 90 ki­lo­metr tiz­lik bi­len do­lan­dyr­ma­ga rug­sat be­ril­ýär. Her bir sü­rü­ji ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ryn­da gör­ke­zi­len ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­se, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak­da uly ne­ti­je­ler ga­za­ny­lar.
Ýol­la­ry­myz­da asu­da­ly­gy üp­jün et­mek­de ýol bel­gi­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti uly bo­lup, hä­zir­ki wagt­da ýol bel­gi­le­ri­niň iň hä­zir­ki za­man we hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edi­len gör­nüş­le­ri ula­nyl­ýar. Ýol bel­gi­le­ri ýo­luň ýag­da­ýy­na gö­rä çä­re gö­rül­me­gi ta­lap ed­ýän bö­lek­le­rin­de duý­dur­mak, ar­tyk­maç­lyk ber­mek, ga­da­gan et­mek, bu­ýur­mak, ha­bar­dar et­mek, hyz­ma­tyň gör­nü­şi­ni aň­lat­mak ýa-da goş­ma­ça mag­lu­mat ber­mek mak­sa­dy bi­len otur­dyl­ýar.
Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze we döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän ýol­lar yzy­gi­der­li gu­rul­ýar. Şeý­le hem ýol­la­ryň ug­run­da ýo­lag­çy­lar üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan du­ral­ga­lar, ge­çel­ge­ler, ýo­ly­şyk­lar we beý­le­ki de­giş­li bel­gi­ler ýer­leş­di­ril­ýär.
Ýol­la­ry­myz­da we kö­çe­le­ri­miz­de he­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin döw­re­bap iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek ze­rur­lyk­la­ry­ ýü­ze çy­k­ýar. Şo­nuň üçin ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len san­ly ul­gam hem iş­jeň ula­nyl­ýar. Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­na san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len ýol­lar­da­ky ýag­daý­lar yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ýar. Şeý­le-de, şä­he­ra­ra we se­bi­ta­ra gat­naw­lar­da hem uly ýol­la­ryň ug­run­da ýö­ri­te san­ly wi­deo­gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry or­naş­dy­ry­lyp, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­me­gi ug­run­da giň ta­gal­la­lar edil­ýär.

Ýal­kap HU­DAÝ­BER­DI­ÝEW,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­rap polisiýa bölüminiň PÝGB-niň wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri bo­ýun­ça gö­zeg­çi­si, po­li­si­ýa­nyň leý­te­nan­ty.