«Giň­dir dün­ýä, geň­dir dün­ýä» diý­li­şi ýa­ly, Ýer ýü­zü­niň dür­li kün­je­gin­de haý­ran gal­dyr­ýan te­bi­gy gö­zel­lik­ler duş gel­ýär. Gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gat­ly ýer­le­riň bi­ri hem Pe­ru­wyň älem­go­şar dag­la­ry­dyr. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan reňk­li ga­ýa­lar müň­ler­çe ýy­lyň do­wa­myn­da ýa­gy­nyň we ýe­liň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. 14 dür­li mi­ne­ral gat­lak­dan eme­le ge­len älem­go­şar dag­la­ry 2015-nji ýyl­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da hök­ma­ny gör­me­li ýer­le­riň sa­na­wy­na go­şul­dy. And dag­la­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lan bu ýer­de bir­nä­çe te­bi­gy tä­sin­lik­le­ri syn­lap bol­ýar. «Wi­ni­kun­ka» reňk­li da­g» hem diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan älem­go­şar da­gy­na her gün 1 müň 500 adam gel­ýär. 2013-nji ýyl­da da­gyň üs­tün­dä­ki buz­la­ryň eräp ba­şla­ma­gy bi­len älem­go­şar da­gy­nyň gö­zel­li­gi ýü­ze çyk­ýar. Gyz­gylt, sa­ry, mä­mi­şi, al­tyn­sow, ýa­şyl reňk­ler da­gyň ge­riş­le­rin­den zo­lak-zo­lak bo­lup geç­ýär. Kus­ko et­ra­byn­dan 62 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky älem­go­şar dag­la­ry 5 müň 200 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Da­ga çy­kyl­ýan ýö­ri­te ge­ze­lenç ýo­da­la­ry bar. Bu ýer­de ýap­gyt de­pe­le­re çyk­mak­da kyn­çy­lyk çek­ýän­ler üçin at­lar hem kä­ren­de­si­ne be­ril­ýär. Ýag­ny da­gyň de­pe­si­ne py­ýa­da däl-de, at­ly çy­kyp bol­ýar. Älem­go­şar da­gy­na mart-no­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da ge­ze­lenç et­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Gün dog­ýan ýa-da Gün ba­typ gel­ýän wag­ty älem­go­şar da­gy has-da owa­dan gö­rün­ýär.