Ýewropa parlamenti howanyň hapalanmagynyň öňüni almak babatda täze karar kabul etdi. Şoňa laýyklykda howa goýberilýän hapa gazalaryň mukdaryny has-da azaltmak göz öňünde tutulýar.
– Pariž ylalaşygynyň çäklerinde täze kanunçylyk namasyna goldaw berildi. Ol hem daşky-gurşawy ulag, oba hojalygy, gurluşyk pudaklary boýunça hapalamagyň öňüni almaga şert döreder – diýip, “Euronews” teleýaýlymynyň habarçysy Isabel Markeş da Silwa habar berýär. Ýewropa Bileleşiginde howa goýberilýän hapa gazlaryň 60 göterimi bu pudaklaryň paýyna düşýär.
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žan-Klod Ýunker daşky-gurşawy goramak babatdaky maksatnamalara ygrarly bolup galjakdyklaryny mälim etdi. Ol Pariž ylalaşygynyň 29 maddasynyň hem ýerine ýetirilmelidigini mälim etdi.
Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň mukdaryny 2005-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 30 göterim azaltmagy maksat edip goýdy.