Özbegistan bilen Owganystanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny azyndan 1 milliard dollara çenli artdyrmaga ähli mümkinçilikler we serişdeler bar. Bu barada ýurduň daşary söwda ministri Elýar Ganiýew ýerli metbugata habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoyew bilen Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde duşuşdy we özara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda ylalaşdylar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary her ýyl 300 müň tonna dökün, 2 müň sany oba hojalyk tehnikasy, 250 müň tonna azyklyk bugdaý we beýleki harytlary uzakmöhletleýin esasda ibermek babatda ylalaşdylar.
Şeýle hem taraplar Mazari-Şarif-Şibergan-Maýman-Gerat polat ýolunyň taslamalaşdyrylmagynyň hem-de gurluşygynyň çaltlandyrylmagynyň möhümdigini belläp geçdiler. Mundan başga-da söwda babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de üstaşyr geçirmek boýunça ylalaşdylar.