Aý­dym-saz äle­mi­niň esa­sy sy­lag­la­ryn­dan “Bill­board” aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. 1991-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän baý­rak­la­ryň 24-nji­sin­de ka­na­da­ly aý­dym­çy Jas­tin Bi­ber iň köp ugur­da da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Met­bu­ga­tyň üns mer­ke­zin­den düş­me­ýän aý­dym­çy 19 ug­ruň 12-sin­den da­laş­gär bol­dy. Ola­ryň ara­syn­da ýy­lyň aý­dym­çy­sy, ýy­lyň er­kek aý­dym­çy­sy, “Top Bill­board 200” aý­dym­çy­sy, “Top Hot 100” aý­dym­çy­sy, “Top Bill­board 200” al­bo­my, ra­dio­da iň köp diň­le­nen aý­dym­çy di­ýen ýa­ly esa­sy ugur­lar bar. Ýy­lyň aý­dym­çy­sy hem-de “Top Bill­board 200” aý­dym­çy­sy diý­len ugur­lar­da Adel, Jas­tin Bi­ber, Dreýk, Teý­lor Swift, The Weeknd, ýy­lyň tä­ze aý­dym­çy­sy diý­len ugur­da-da Fet­ty Wap, Omi, Çar­li Put, Si­len­to, Braý­son Til­ler da­gy da­laş­gär gör­ke­zil­di. Ýy­lyň er­kek aý­dym­çy­sy baý­ra­gy­ny Jas­tin Bi­ber, Dreýk, Ed Şi­ran, Fet­ty Wap, The Weeknd da­gy­nyň ara­syn­dan haý­sy hem bol­sa, bi­ri alar. Adel, Se­le­na Go­mez, Aria­na Gran­de, Ri­han­na we Teý­lor Swift ýy­lyň ze­nan aý­dym­çysy bol­mak üçin bäs­le­şer. Ade­liň “25”, Jas­tin Bi­be­riň “Pur­po­se”, Ed Şi­ra­nyň “x”, Teý­lor Swif­tiň “1989” hem-de The Weeknd-iň “Beau­ty Be­hind the Mad­ness” at­ly al­bom­la­ry “Top Bill­board 200” al­bo­my diý­len ugur­da da­laş­gär bol­dy. “Top Hot 100” aý­dy­my diý­len ugur­da welin, “Bill­board” heý­kel­ji­gi­ne da­laş et­jek­le­riň sa­na­wy­na Ade­liň “Hel­lo”, Wiz Ha­li­fa­nyň (Çar­li Put bi­len bi­le­lik­dä­ki) “See You Again”, Fet­ty Wa­pyň “Trap Queen” hem-de The Weeknd-iň “Can’t Fe­el May Face” we “The Hills” at­ly aý­dym­la­ry alyn­dy. 24-nji “Bill­board” aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri 22-nji maý­da Las We­gasda ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da bel­li bo­lar. Çä­rä­ni Sia­ra bi­len Lu­dak­ris alyp ba­rar.