Ba­lyk tut­mak adam­za­dyň iň go­wy güý­men­je­le­ri­niň bi­ri­ bolup, te­bi­gat­da dynç al­ma­ga, ra­hat­lan­ma­ga hem-de wag­ty­ňy gyzyk­ly ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Me­ge­rem, her bir yn­san ba­lyk tu­tan il­kin­ji pur­sat­la­ry­ny ýa­dyn­dan çy­kar­ma­ýan bol­sa ge­rek.

1985-nji ýyl­dan bä­ri her ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da Bü­tin­dün­ýä ba­lyk­çy­lyk gü­ni bel­le­nip ge­lin­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk 1984-nji ýyl­da Rim­de ge­çi­ri­len Ba­lyk ho­ja­ly­gy­ny ka­da­laş­dyr­mak we ös­dür­mek bo­ýun­ça kon­fe­ren­si­ýa­nyň ka­ra­ry bi­len dö­re­dil­ýär.

Ba­lyk tut­mak tol­gun­dy­ry­jy pur­sat­la­ra baý bo­lup, ada­myň hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Ba­lyk­ly güý­men­je aw­çy­ly­gyň iň ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra ser sal­sak, ba­lyk­çy­lyk eke­ran­çy­lyk­dan we mal­dar­çy­lyk­dan has öň ýü­ze çy­kyp­dyr. Köp­ler ba­lyk tut­ma­gy iý­mit tap­mak üçin wagt sarp et­mek ha­sap­la­man, eý­sem, ba­lyk­çy­ly­ga pel­se­pe, dur­muş ýö­rel­ge­si, te­bi­gat bi­len ga­bat­la­şyl­ýan pur­sat hök­mün­de ga­ra­ýar. Mu­ňa di­ňe ba­lyk tut­ma­ga ba­ra­nyň­da göz ýe­ti­rip bol­ýar.

Dün­ýä­de hä­zir­ki wagt­da sarp edil­ýän iý­mit­le­riň ha­ta­ryn­da de­ňiz önüm­le­ri öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Esa­san, be­lo­ga we wi­ta­min­le­re baý bo­lan ba­lyk­dyr de­ňiz jan­dar­la­ry di­ri­li­gi­ne, doň­du­ry­lan we gap­la­nan gör­nüş­de eks­port edil­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­ly­k gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) ha­sa­ba­ty­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da se­na­gat­da iş­le­nil­ýän ba­lyk muk­da­ry 90 mil­li­on ton­na bo­lup, onuň 90 göterimi de­ňiz­ler­den, ga­lan bö­le­gi der­ýa­lar­dan tu­tul­ýar. Ba­lyk­çy­lyk pu­da­gy dün­ýä­de 120 mil­li­on­dan gow­rak ada­my iş bi­len üp­jün ed­ýär.

Bü­tin­dün­ýä ba­lyk­çy­lyk gü­nün­de köp ýurt­da ba­lyk tut­mak ýa­ryş­la­ry, okuw sa­pak­la­ry hem-de te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek ba­ra­da mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ba­lyk­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan zenanla­ryň kö­pel­me­gi bel­läp geç­me­li ýagdaýla­ryň bi­ri­dir. Köp san­ly mag­lu­mat­lar­da ba­lyk tut­ma­gyň be­de­ni güýç­len­dir­ýän we şäh­di­ňi aç­ýan iň go­wy güý­men­je­le­riň bi­ri­di­gi bel­le­nil­ýär.

Sport ba­lyk­çy­ly­gy

Dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da möw­süm­le­ýin ba­lyk tut­mak ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu ýa­ryş­lar­da ba­lyk tut­ma­ga gat­naş­ýan tür­gen­le­riň tiz­li­gi we ugur­ta­py­jy­ly­gy sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Sport en­jam­la­ry ar­ka­ly ze­per ýe­tir­mez­den tu­tu­lan ba­lyk­lar ýe­ne-de ho­w­za goý­be­ril­ýär.