Horwatiýanyň kenarýakalaryndan ýaşy müňlerçe ýyla barabar bolan gadymy gaýyk ýüze çykaryldy. Bu häzire çenli Ortaýer deňziniň kenarlaryndan tapylan iň gadymy gaýykdyr. Gaýyga tapylan aýlagynyň hormatyna “Zambratiýa” diýip at berdiler. Gaýyk öz aralarynda mäkäm birikdirilen tagtalardan ybarat bolup, olary ýörite ýasalan plastinalar berkidýär. Arheologlar gaýygyň miladydan öň XII we X asyrlaryň arasynda ýasalandygyny çaklaýarlar. 12 metr uzynlykdaky gaýygyň ýedi metri abat saklanyp galypdyr.
Barlag geçirijiler “Zambratiýa” gaýygynyň anyk ýasalan wagtyny kesgitlärler. Mundan başga-da, hünärmenler plastinalary emele getirýän süýümleriň düzümini anyklap, agaçlaryň biri-birine sepeleniş usullaryny öwrenerler. Hünärmenler gaýygy ýasamak üçin peýdalanylan tehnologiýanyň gurluşyk çykdajylaryny ep-esli azaltmaga ýardam berendigini tassyklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, gaýyk hiç hili suw syzdyrmaýandygy bilen tapawutlanýar. Barlag geçirijiler işlerini tamamlanlaryndan soňra bu gaýygy Fransiýada abatlap, Horwatiýadaky muzeýe tabşyrarlar.