2024-nji ýylda Parižde Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe türgenler üçin niýetlenen PETITDIDIERPRIOUX şäherçesi gurlar. Bu barada “Designboom” web sahypasy habar berýär. Meýdany 12 048 inedördül metre deň  bolan taslama Fransiýanyň paýtagtyndaky eko-sebitde gurlup, ekologiýa taýdan arassa desgalaryň birnäçesini öz içine alar. Bu taslamada türgenleriň ýaşajak ýerleri, ofisler, lukmançylyk edaralary we beýleki desgalar hödürlenip,  daş-töwerekdäki landşaft bilen birlikde dürli görnüşli desgalaryň sazlaşykly utgaşmagy aýratyn göz öňünde tutulypdyr. Olimpiýa oýunlary tamamlanandan soň şäherçe “miras tapgyryna” geçip, ýaşaýyş jaýlary hökmünde ulanylar.