25-nji iýunda Türkmenistanyň Baş drama teatrynda “Gelin gelýär” atly sahna oýnunyň ilkinji gezek köpçülige görkezilişi boldy. Şahyr, ýazyjy, dramaturg Towşan Esenowanyň pýesasy esasynda goýlan bu sahna oýny Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyryldy. Ýurdumyzyň sungat işgärleri, halk köpçüligi we ýaşlar täze spektaklyň tomaşaçylary boldular. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda tomaşaçylara hödürlenen täze sahna oýny teatr muşdaklaryna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
Esasy keşpleri Artyk Artykow (Gündogdy), Selbi Babylowa (Ülker), Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinyýaz Berdiýewa (Ýamanja daýza), Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mahym Nuryýewa (Jennet), Perhat Babaýew (Gurt) ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Oýnuň saz bezegini Magtymguly Saparow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetirdi. Egin-eşik bezegini Güljemal Saparowa, sahna bezegindäki sazlaşykly görnüşi Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow ýerine ýetiripdir.
Aýdyňlyk, inçe degişme, gülküli, dartgynly sahna oýny ilkinji pursatlardan başlap, tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalary döredýär. Sahna oýnunyň bütin dowamynda hoşniýetli wakalar bolup geçip, 70-nji ýyllaryň nesilleriniň arasyndaky gatnaşyklar we olaryň tutuş ykbalyna täsir etjek birek-birek baradaky çynlakaý aladalar aýdyň beýan edilýär. Sahnada şol ýyllarda bolup geçýän wakalar, tomaşaçylara täsir edip, olary biygtyýar geçmişe atarýar.
Oýnuň başynda ýokary okuw mekdebinde hukuk ugrundan bilim alan Ülker bilen onuň ýanýoldaşy Gündogdy ogluny öýerýär. Toý gidip durka Ülkeriň oý-pikirleri juwanlyk ýyllaryna, ýagny 70-nji ýyllara dolanyp, durmuşda bolup geçen bir wakany hakydasyna getirýär.
Gündogdy bilen Ülkeriň toýy, Jennet bilen Gurt atly ýene bir jübütiň toý gününe gabat gelýär. Iki gelniň orunlary wagonyň bir bölümine düşýär. Şonda Jennet Ülkeriň hukukçydyna göz ýetirip, ondan özüne kömek etmegini haýyş edýär. Aslynda, Jennet Gala atly başga bir oglany söýýär, ýöne ol harby gullukda. Jennediň ejesi gyzyny ozal nikasy ugruna bolmadyk Gurda berýär. Jennet Ülkere Gurda zor bilen çykarylýandygyny aýdanda, Ülker Jennediň eline bir hat tutdurýar-da, ony Gündogda gowşurmagyny haýyş edýär. Netijede, otludaky gelinler ýerlerini çalyşýarlar.
Toý gutarandan soň, Gurt otluda gelen gelinleriň ýerlerini çalşandygyna göz ýetirip, çykgynsyz ýagdaýda galýar. Şol wagt hem Ülkeriň söýgülisi Gündogdy bilen Jennet bu ýere gelýär. Sahna oýnunyň şu ýerinde gahrymanlaryň arasyndaky gapma-garşylyklar barha güýçlenip, häziriň özünde hemme zat bulaşar öýdýärsiň. Ýöne Ülker bilen Gündogdy Gurduň ejesine ýagdaýy düşündirip, emele gelen ýagdaýdan çykalga gözleýärler. Şu wakalar gidip durka hem Jennediň gullukdaky halaşýany Gala gelýär. Ol hem bu ýerdäkilere diňe Jennedi söýýändigini, onuň bilen durmuş gurmakçydygyny aýdýar. Netijede aşyklaryň arasyndaky päk söýgi üstün gelýär…
Režissýor Gülälek Akmyradowanyň sahnalaşdyran sahna oýny teatr tomaşaçylarynyň ählisinde hoşallyk duýgusyny döretdi. Ussat artistdir aktrisalar tarapyndan ýerine ýetirilen, durmuş hakykatyna laýyk gelýän wakalara baý sahna oýny tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady. Çünki ähli döwre mahsus, hiç haçan könelmeýän söýgi temasy bu sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.