Eýranyň Aras diýen ýeri ýurduň üçünji uly geoseýilgäh derejesine eýe boldy. Ajaýyp tebigaty we baý haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan bu künjek 1,5 müň inedördül kilometre uzaýar diýip, “Habar 24” ýazýar.
Ýerli ýaşaýjylar seýilgähe özboluşly geologik obýekt derejesiniň berilmeginiň daşary ýurtly syýahatçylaryň köp gelmegine sebäp boljakdygyna umyt edýärler.
Ýeri gelende belläp geçsek, häzir dünýäniň 48 ýurdunda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen global seýilgähleriň 195-si bar.