“Opel” kompaniýasy täze logosyny görkezdi. Bu nyşan kompaniýanyň elektroulaglara geçmek üçin alyp barýan maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde ýüze çykýar. Ýaňadan döredilen nyşan häzirkisinden belli bir derejede tapawutlanýar. “Opel”-iň ýakyn ýyllarda öndüriljek awtoulaglarynda täze logo ulanylyp başlanar. Şeýle hem, logo 5-nji sentýabrda Mýunhende açyljak “IAA Mobility” sergisinde ilkinji gezek köpçülige görkeziler. “Opel” 2028-nji ýyla çenli Ýewropa niýetlenen ulaglaryny doly elektrikli görnüşe öwürmegi meýilleşdirýär.