Ki­no sungatynyň öz­bo­luş­ly sy­lag­la­ryn­dan “MTV film” (MTV Movie) baý­rak­la­ryn­da iň go­wy film diý­lip, ge­çen ýy­lyň iň gir­de­ji­li ek­ran ese­ri “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” (Star Wars: The Force Awa­kens) saý­lan­dy. 1992-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän da­ba­ra­nyň bu ýyl­ky­sy “War­ner Bros.” stu­di­ýa­la­ryn­da gu­ral­dy. Şow­hun­ly ge­çen çä­rä­ni Gol­li­wu­dyň bel­li akt­ýor­la­ry Ke­win Hart bi­len Dweýn Jon­son alyp bar­dy. 26-njy ge­zek ge­çi­ri­len da­ba­ra­da iň go­wy film diý­lip, ge­çen ýy­lyň iň köp gir­de­ji ga­za­nan ki­no­sy “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” filmi yglan edildi. Aý­ra­ty­nam ýaş­la­ryň uly hö­wes bil­dir­ýän ag­şa­myn­da Aria­na Gran­de, “The Lo­ne­ly Is­land”, Hal­sey, Salt-N-Pe­pa ýa­ly aý­dym­çy­dyr to­par­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym­la­ry da­ba­ra­nyň şow­hu­ny­ny ha­sam art­dyr­dy.
6-njy sy­na­ny­şy­gyn­da Os­ka­ry alan Leo­nar­do Di­Kap­rio “Di­ri­liş” fil­min­dä­ki keş­bi üçin iň go­wy akt­ýor, “Tel­be Maks: ga­zap ýo­ly” ki­no­sy­nyň ýyl­dy­zy, os­kar­ly Şar­liz Te­ron bol­sa, iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy­ny eýe­le­di. “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” fil­min­de baş keş­bi jan­lan­dy­ran Deý­zi Rid­li iň go­wy ösüş gör­ke­zen ar­tist baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Iň go­wy ha­ky­ky he­ka­ýa baý­ra­gy “Komp­ton­ly ta­lant­lar” (Straight Out­ta Comp­ton) fil­mi­ne, iň go­wy do­ku­men­tal film sy­la­gy-da “Emi” ki­no­sy­na be­ril­di. Şeý­le-de, da­ba­ra­da Ra­ýan Reý­nold­sa (“Ded­pul”) iň go­wy ko­me­di­ýa keş­bi, Kris Prat­ta (“Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si”) iň go­wy he­re­ket­li ki­no keş­bi, Jen­ni­fer Law­ren­se (“Aç­lyk oýun­la­ry: jok­jo­ky – 2-nji bö­lüm”) iň go­wy gah­ry­man keş­bi, Emi Pou­le­re (“Çyl­şy­rym­ly”, In­si­de Out) iň go­wy hy­ýa­ly keşp, Adam Draý­we­re (“Ýyl­dyz sö­weş;eri: güýç oýan­ýar”) iň go­wy ot­ri­sa­tel keşp baý­rak­lary gow­şu­ryl­dy. “Ýa­kym­ly ses – 2” (Pitch Per­fect 2) fil­mi­niň ýyl­dyz­la­ry iň go­wy ar­tist­ler to­pa­ry diý­len ugur­da “MTV film” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da bel­li akt­ýor Will Smit “MTV Ge­ne­ra­ti­on”, ko­me­di­ýa­çy akt­ri­sa Me­lis­sa Mak­Kar­ti “Come­dic Ge­ni­us” baý­rak­la­ry bi­len sy­lag­lan­dy.