Arkadag şäheriniň häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň (Gruziýa) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşyk bar.
Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen Baku şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi.