Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäre türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ilkinji gezek 2013-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynda tapgyrma-tapgyr geçirilip, sebitleriň taryhy-medeni mirasyny dürli öwüşginde açyp görkezdi.
Şonuň bilen birlikde her ýyl geçirilýän çäre türkmen medeniýetiniň aýdyň we köp ugurly serişdeleri milli sungatyň ähli görnüşleriniň – opera we aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, edebiýatyň we halk döredijiliginiň gazananlaryny şöhlelendirýär.
Aşgabat – ýurdumyzyň medeni durmuşynyň merkezi ýakyn birnäçe günüň içinde ähli welaýatlaryň döredijilik güýjüni birleşdirdi. Medeniýet hepdeligini geçirmek üçin paýtagtymyza gelen wekiliýetleriň düzüminde belli teatr artistleri, estrada aýdymçylary we halk bagşylary, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler we şahyrlar, aýdym-saz we döredijilik toparlary bar.
Hepdeligiň çäklerinde guralýan ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň konsertleri, suratlaryň, amaly-haşam sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, kinolaryň görkezilişi, şygryýet agşamlary – bularyň hemmesi türkmen medeniýetiniň gazananlarynyň subutnamalarydyr.
Medeniýet hepdeligi – 2017-niň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň we ýurdumyzyň döredijilik okuw mekdepleriniň, jemgyýetçiligiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar bar.
Mukamlar köşgüniň uly sahnasynda geçirilen konsertde sungat ussatlary we ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary çykyş etdiler. Çykyşlaryň baý many-mazmuny olaryň sahna bezegi, häzirki zaman tehniki serişdeleriň giňden ulanylmagy, wideo şekilleriň görkezilmegi bilen aýdyň beýan edildi. Munuň özi kiçi sahna oýunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi, olar milli Liderimiziň ägirt uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösdürilmegi hakyndaky bir bitewi meseläni özünde jemledi.
Asylly däbe görä, sungat ussatlary özleriniň hünär baýramyna bagyşlap döreden täze aýdym-sazlaryny ol gün ilkinji gezek ýerine ýetirdiler. Halk we häzirki zaman äheňleri, nusgawy saz eserleri, aýdyň horeografiýa we folklor çykyşlary konsertiň maksatnamasyny düzdi. Folklor eserleriniň köpüsi ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerine mahsusdyr, emma şonuň bilen birlikde olaryň ählisi milli medeniýetimiziň bitewi köp öwüşginli sazlaşygyny emele getirýär.
“Görogly” eposyndan, “Zöhre-Tahyr” dessanyndan bölekler uly bolmadyk sahna eseri görnüşinde ýerine ýetirilip, türkmen sungatynyň iň gowy ýörelgeleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Ajaýyp zalda häzirki zaman estrada äheňleri ýaňlandy. Sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek iri sport forumyna bagyşlanan “Aziada” atly aýdym konsertiň iň aýdyň we joşgunly çykyşlarynyň biri boldy. Baý mazmunly maglumatlar, wideo şekiller hem-de horeografiýa toparynyň sport tansy äheňlerindäki çykyşy türkmenistanlylaryň öňde boljak Oýunlara ýokary ruhubelentlikde taýýarlanýandyklarynyň nyşany boldy.
Baýramçylyk konsert maksatnamasynyň ahyrynda küşdepdi tansy ýerine ýetirildi, onda milli medeniýetimiziň sazlaşygynyň we ruhy güýjüniň kuwwatly energetikasy jemlenýär.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeligi–2017-niň açylmagy mynasybetli çäreler “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde dowam etdi. Bu ýerde şu ýylyň ýurdumyzyň giň ekranlaryna çykan “At – myrat” çeper kinofilmini döredijiler bilen duşuşyk geçirildi. Bu film dünýä derejesinde ykrar edilen adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolan meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanýar. Agşam Mukamlar köşgi Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen nusgawy sazy söýýänler üçin öz gapysyny giňden açdy.
23-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi, Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýaşajyk zehinler çykyş etdiler, “Watan” kinokonsert merkezinde bolsa, “Magtymguly” çeper filmini döreden topar bilen duşuşyk geçirildi we bu filmiň görkezilişi boldy. Teatr sungatyny söýýänler Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” sahna oýnuna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.
Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hem-de dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Milli medeniýetiň iň oňat däpleriniň durnuklylygy netijesinde, ol dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeledi. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler gadymy milli medeniýetiň, döredijilik däpleriniň, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleriniň hil taýdan täze ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi.
Milli Liderimiziň türkmen halkyna galyberse-de, sungat we döredijilik işgärlerine sowgat beren “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Türkmen medeniýeti” hem-de “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitaplarynyň çap edilmegi uly ähmiýete eýedir. “Türkmen medeniýeti” atly kitap milli Liderimiziň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde köpasyrlyk medeni mirasyň orny hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakyndaky pikir ýöretmeleri görnüşindedir. Hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa…” atly beýleki kitaby türkmen halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň taryhynyň sahypalaryna bagyşlanandyr. Türkmen halkynyň saz sungatynyň gadymy taryhy baradaky maglumatlaryň düýpli öwrenilmegi bu kitabyň döremegine getirdi. Mundan başga-da, kitapda milli owazyň hem-de mukamlary düzmegiň aýratynlyklary şöhlelenýär. Awtor asyrlaryň dowamynda türkmen medeniýetinde bagşylaryň tutan ornuny, halypaçylyk däpleriniň dowamlylygyny hem-de dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelşini yzarlaýar.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitap döwlet Baştutanymyzyň medeniýet barada aýdan sözleriniň ýygyndysy bolup durýar. Şeýle hem oňa milli Liderimiziň çykyşlaryndan, söhbetdeşliklerinden, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we şu ugra degişli beýleki möhüm wakalar mynasybetli iberen Gutlag hatlaryndan alnan sözlemler goşuldy. Şeýlelikde, täze kitap täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň medeniýetiniň yzygiderli ösüşiniň özboluşly senenamasy bolup durýar.Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda pugtalanan medeni syýasat netijesinde, dünýä medeniýetiniň dostlukly gatnaşyklar arkaly pugtalanmagyna, dünýä halklarynyň milli medeniýetleri bilen tanyşmaklyga giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara döwlet saparlarynda medeni gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýagdaý ýöne ýerden däldir. Çünki, medeniýetlilik ynsanlary bir-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär.
Ýurdumyzda medeni diplomatiýanyň dünýä çykmagynyň her bir ösüşli menzilleri hormatly Prezidentimiziň täzeçillige we öňegidişlige çagyrýan parasatly başlangyçlaryndan ugur alýar. Şeýle dünýä derejeli başlangyçlaryň biri-de, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzda her ýyl geçirilýän iri halkara forumyň – Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzda eýýäm köp gezek uly dabara bilen geçirilendigidir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda bolup geçýän özgerişlere öz wagtynda seslenip bilýän medeniýet we sungat ussatlarymyz ajaýyp döwrümiziň waspçylarydyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň bagtyýarlyk zamanamyzda bitirýän işleri bimöçberdir. Olar ajaýyp zamanamyzda şanly seneler mynasybetli guralýan çäreleriň, toý-baýramlaryň bezegi. Ulgamyň işgärleriniň Garaşsyz Türkmenistanymyzy, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary, şowhunly tanslary döwletimiziň her bir raýatyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmek, milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek baradaky yzygiderli aladalary hem ilkinji nobatda şu maksatlardan gözbaş alýar.