Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýi­ti ze­hi­ni, akyl-paý­ha­sy bi­len dün­ýä ady do­lan, ta­ry­hy geç­mi­şi­mi­zi, hä­zir­ki bag­ty­ýar­ly­gy­my­zy, gel­jek­ki eş­ret­le­ri­mi­zi öňün­den gö­rüp, özü­niň şy­gyr­la­ry bi­len ýü­rek­le­ri na­gyş­lan umu­ma­dam­zat şa­hy­ry­dyr.
2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi öz eser­le­rin­de pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk, hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni wasp eden türk­men we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry­na bo­lan ýo­ka­ry sy­la­gyň hem-de onuň dür­dä­ne şyg­ry­ýe­ti­ne go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Be­ýik şa­hy­ryň wa­tan­çy­lyk, ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li goş­gu­la­ry bi­len bir­lik­de, kä­mil ga­ra­ýyş­la­ry özün­de jem­le­ýän çuň ma­ny­ly şy­gyr­la­ry yn­san kal­byn­da öç­me­jek yz gal­dyr­ýar.
Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mek ha­kyn­da­ky ka­ra­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, met­bu­gat­da we beý­le­ki ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de or­ta atyl­ýan pi­kir­ler hal­ky­my­zyň, esa­san–da, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň akyl–paý­ha­sy­ny çuň­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Um­man dek çuň ma­na öw­rü­len türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­da­ry, şa­hy­ry, fi­lo­so­fy, ba­şar­jaň wes­ýet­çi-ter­bi­ýe­çi­si Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň ag­ram­ly bö­le­gi ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ýe­ti­ril­mek bi­len, yn­san­la­ryň kal­by­na or­na­şyp, ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gin­de, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gin­de öz­bo­luş­ly ýol­gör­ke­zi­ji bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­nyň en­çe­me­si ter­bi­ýe mek­de­bi hök­mün­de ata­lar söz­le­ri­ne öw­rü­lip, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ne si­ňip gi­dip­dir. Me­se­lem, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de Wa­ta­na, te­bi­ga­ta bo­lan söý­gi, ag­zy­bir­lik, myh­man­sö­ýer­lik, dost-do­gan­lyk, be­ren sö­züň­de ta­pyl­mak, sag­ly­gyň ga­dyr-gym­ma­ty, aras­sa­çy­lyk ba­ra­da şy­gyr­lar köp. Bu ba­ra­da en­çe­me my­sal­la­ry ge­tir­mek bo­lar: «Ýag­şy ogul­dan reh­net ary­gy akar», «Her­giz ýa­man bi­len bi­le bol­maň­lar», «Wa­tan­dan daş dü­şen is­tär me­ka­nyn», «Ýa­ma­nyň zy­ýa­ny ili­ne ýe­ter», «Mert çy­kar myh­ma­na gü­ler ýüz bi­len», «Akyl­ly az gür­lär, gor­kar ti­lin­den», «Akyl ýi­git söz baş­la­maz «men» bi­len», «Ýag­şy ýi­git ýol ýi­tir­mez», «Ýag­şy sö­ze gu­lak sal­gyl», «Ki­tap okan gul­lar mag­ny­dan dok­dur».
Ýag­şy söz ada­myň gö­zel­li­gi­ne, pä­him-paý­ha­sy­na, yk­ba­ly­na gö­ni tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin go­wy söz­le­mek, hoş­ni­ýet­li gür­le­mek en­di­gi­ni yn­sa­nyň kal­by­na ýaş­ly­gyn­dan guý­ma­ly, şol ruh­da ter­bi­ýe­le­me­li. «Ýag­şy söz ýy­la­ny hi­nin­den çy­ka­rar» diý­li­şi ýa­ly, ol mis­li bir mi­we­li agaç­dyr.
Mag­tym­gu­ly­nyň:
As­la adam­za­da ajy söz ur­maň…
***
Ajy söz­ler dil­den çy­kan bir ok­dur…
***
Deň-duş bil­mez, ma­ny aň­maz ýi­git­den,
Agy­lyň­da ys­sy be­ren it ýag­şy –
di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýag­şy söz adam­kär­çi­li­giň göz­ba­şy­dyr. Mag­tym­gu­ly ada­myň ju­wan­lyk möw­ri­tin­de päk ah­lak­ly hä­si­ýet­le­riň özün­de jem­len­me­gi­ne uly üns be­rip­dir. Ol ýi­gi­diň işi­niň şow­ly bol­ma­gyn­da ynam­ly­lyk, ha­lal­lyk, mert­lik, aras­sa­lyk, gö­rel­de­lik, yh­las­ly­lyk we we­pa­dar­lyk ýa­ly go­wy gy­lyk­la­ryň oňyn tä­si­ri­ni dü­şün­dir­ýär.
Ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de iň wa­jyp usul­la­ryň bi­ri hem şah­sy gö­rel­de­dir. Mag­tym­gu­ly yn­san per­zen­di­niň ata-ene­si­ne nä­hi­li sar­pa goý­ma­ly­dy­gy ba­ra­da nus­ga bo­lan şa­hyr­dyr. Türk­men­ler­de ga­dym­dan gel­ýän ýö­rel­gä gö­rä, ça­ga he­niz aga-ga­ra dü­şü­nip-dü­şün­män­kä, ene-ata, il-ul­sa, te­bi­ga­ta, Wa­ta­na söý­gi duý­gu­sy bi­len ter­bi­ýe­len­ýär. Mag­tym­gu­ly ata­myz öz dö­re­di­ji­li­gin­de dur­muş­da özü­ňi alyp bar­ma­gyň ka­da-ka­nun­la­ry­nyň üs­tün­de köp du­rup­dyr.
Ow­wal Mag­tym­gu­ly özüň dü­zet­gil,
Özüň­ni sen öz­ge­le­re göz et­gil.
Az iý­gil, az ýat­gyl, sö­züň az et­gil,
Ne bar ma­ny­syz söz uza­mak bi­len.
Akyl­dar şa­hy­ryň şy­gyr­la­ryn­da türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan be­ýik hä­si­ýet­ler ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Türk­men hal­ky özü­niň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ta­ra­pyn­dan wasp edi­len mer­te­be, asyl­ly­lyk, wa­tan­çy­lyk, zäh­met we myh­man­sö­ýer­lik, dö­re­di­ji­lik, pa­ra­hat­çy­lyk we asu­da­lyk ýö­rel­ge­le­ri, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­ny bi­len ge­çen yn­san­per­wer­lik ýa­ly oňat hä­si­ýet­le­ri­ni sak­lap, ola­ry asyr­lar­dan-asyr­la­ra aşy­ryp gel­ýär» di­ýip bel­le­ýär. Çün­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz dö­re­di­ji­li­gin­de hal­kyň dur­mu­şy­ny, ede­bi mi­ra­sy­ny açyp gör­kez­ýär.
Türk­men­le­riň ga­dym­dan gel­ýän baý däp-des­sur­la­ry bar. Şol däp-des­sur­la­ryň bi­ri hem myh­man­sö­ýer­lik. Myh­man gü­ler ýüz bi­len gar­şy alyn­sa, ho­şal bo­lup git­jek­di­gi ba­ra­da şa­hyr öz goş­gu­la­ryn­da şeý­le ýa­zyp­dyr:
Mert çy­kar myh­ma­na gü­ler ýüz bi­le,
Na­mart özün giz­lär, myh­man ýo­luk­sa.
Akyl­dar şa­hyr ag­zy­bir­li­gi öňe sü­rüp­dir. Uly­ny sy­la­mak, hor­mat goý­mak ýa­ly hä­si­ýet­le­re adam­kär­çi­li­giň iň go­wy ta­rap­la­ry hök­mün­de se­re­dip­dir.
Şa­hy­ryň ma­ny-maz­mun­dan ýü­ki ýe­tik dö­re­di­ji­li­gin­de dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry­na, äh­li ta­rap­la­ry­na de­giş­li me­se­le­ler bi­len bir­lik­de türk­men ze­na­ny­nyň çe­per keş­bi­ne hem uly ba­ha be­ril­ýär. Gyz-ge­lin sar­pa­sy, türk­men ge­lin-gyz­la­ry­na mah­sus bo­lan asyl­ly­lyk, ag­ras­lyk, my­la­kat­ly­lyk, al­çak­lyk ýa­ly gy­lyk-hä­si­ýet­ler ba­ra­da­ky me­se­le­ler hem siň­ňit­li yzar­lan­ýar.
Şa­hyr «Duz hem bol­ma­sa» şyg­ryn­da şeý­le bel­le­ýär:
Dün­ýä sö­zi meň­zär duz­suz ta­ga­ma
Söz için­de ge­lin-gyz hem bol­ma­sa.
Be­ýik söz us­sa­dy ola­ryň be­lent adam­kär­çi­lik mer­te­be­si­ni, akyl-hu­şu­ny, pä­him-paý­ha­sy­ny, uly sun­gat bo­lan el hü­när­le­ri­ni, bol­çu­lyk çeş­me­si­ni eçil­ýän zäh­met­le­ri­ni hem wasp edip­dir.
Akyl­dar şa­hy­ryň şy­gyr­la­ryn­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň mil­li egin-eşik­le­ri, şaý-sep­le­ri, ze­nan­la­ryň el hü­när­le­ri, türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan mil­li däp-des­sur­la­ry söz ar­ka­ly çe­per be­ýan edil­ýär. Bu bol­sa türk­men hal­ky­nyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek­li­ge, ola­ryň mil­li däp­le­ri­ne dü­şün­mek­li­ge esas ber­ýär. Şo­nuň üçin şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ry­ny öw­ren­mek­de uly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň türk­men ede­bi­ýa­ty we seý­rek ne­şir­ler bö­lü­min­de da­na şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri we gol­ýaz­ma­la­ry sak­la­nyl­ýar. Özü­niň dür­dä­ne se­tir­le­rin­den do­ly şy­gyr­la­ry bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na gal­dy­ran Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan gün­ler­de şa­hy­ryň edep-ter­bi­ýe, öwüt-ün­dew ber­ýän goş­gu­la­ry ösüp gel­ýän nes­li­miz üçin ter­bi­ýe mek­de­bi­dir.

Nar­täç AB­DY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň esa­sy ki­tap­ha­na­çy­sy.