Merkezi Aziýanyň iki ýurdunyň arasynda otly gatnawy ýola goýuldy. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinden Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine ilkinji otly gatnawy amala aşyryldy. Bu barada gazak tarapy habar berýär.
“Gazak demirýollary” kompaniýasy bilen “Täjik demirýollary” döwlet kärhanasynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyryldy. Mundan ozal, iki ýurduň arasynda demir ýol gatnawy amala aşyrylmaýardy.
Ýolagçy otlusy 4 gün ýol geçip, Astana şäherine bardy. Bu gatnaw hepdede 1 gezek amala aşyrylyp, 3 aý dowam eder. Otly gatnawy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 10-njy iýunda öz işine başlan EKSPO-2017 sergisine gabatlanyp açyldy.