Ýewropanyň dünýä belli uçar öndürijisi “Airbus” kompaniýasy dünýäniň iň uly ýolagçy uçarynyň täze görnüşini öndürdi. Bu barada “TASS” habarlar gullugy habar berýär. Bu uçar “A380plus” diýlip atlandyryldy, ol 933 ýolagça niýetlenendir. Laýneriň täze görnüşiniň ganatlary birneme üýtgedildi. Ol hem aerodinamikany gowulandyryp, uçuş döwründe sarp edilýän ýangyjyň 4 göterim tygşytlanmagyna kömek edýär. Täze uçaryň önümçiligi 12 göterim arzanlar. 428 million dollaryň deregine 370 million dollar töweregi bolar. Mälim bolşy ýaly, “Airbus-A380” kysymly uçaryň ähli görnüşleri dünýäniň iri ýolagçy uçarlary hasaplanýar.