Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek guramanyň Energetika Geňeşiniň esasy maksatlarynyň biridir. Bu barada “Trend” agentligi habar berýär. Geçen hepde suwuklandyrylan gazly tanker ABŞ-dan Ýewropa gelip gowuşdy. Ony Polşanyň porty kabul etdi. Geçen ýylyň aprel aýynda Portugaliýanyň kenaryna ilkinji tanker ýanaşypdy.
Ýewropa Bileleşigi halkara hyzmatdaşlary bilen suwuklandyrylan gazyň erkin bazaryny döretmek babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýewropa Bileleşigi tutuş dünýäde tebigy gazy import edýän iri sebitleriň biridir. Şonuň üçin energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak birinji derejeli wezipeleriň biri bolup durýar. Suwuklandyrylan gazy dürli ýurtlardan satyn almak bolar. Ýangyjyň bu görnüşi Ýewropa Bileleşiginiň diwersifikasiýa ýolunda alyp barýan işlerine täze badalga berer. Şol birwagtda energiýa howpsuzlygynyň has-da berkidilmegine goşant goşar.