Dünýä belli kofe içgilerini satýan “StarbucksSBUX” kompaniýasy bosgunlary iş bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Ýewropa yklymyndaky 2,5 müň bosgun kompaniýanyň bu sebitiň ýurtlaryndaky şahamçalaryna işe alnar. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.
Şu ýylyň ýanwar aýynda kompaniýanyň baş müdiri Goward Şuls öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda 75 ýurtda 10 müň bosguny iş bilen üpjün etmegi maksat edinýändiklerini mälim edipdi. Ol bu işe ilki bilen ABŞ-dan başlajakdygyny aýdyp, soňra Ýewropa sebitinde uly işleriň durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Germaniýa, Beýik Britaniýa, Awstriýa, Ispaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Portugaliýa hem-de Şweýsariýada bosgunlary işe kabul etmek babatda tagalla edilýär.
“Starbucks” dünýäniň iň uly kofe satýan kompaniýasy bolup, 1971-nji ýylda ABŞ-nyň Sietl şäherinde esaslandyryldy. Onuň 65 vurtda 25 müň 734 dükany bar.
Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, tutuş dünýäde 65 million bosgun bar.