Ýoga – bu gadymyýetiň jümmüşinde Hindistanda ýüze çykan fiziki, psihiki we ruhy maşkdyr. “Ýoga” sözüniň özi bolsa, sanskritçe “birleşik” ýa-da “baglanyşyk” diýen manyny berýär. Şu günki günde bütin dünýäde berjaý edilýän we meşhurlygy has-da artýan ýoganyň birtopar görnüşleri bar. BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýoganyň köp taraply ähmiýetini ykrar edip, 21-nji iýuny Halkara ýoga güni diýip yglan etdi. Halkara ýoga gününi esaslandyrmak baradaky Rezolýusiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 175 agza döwleti tarapyndan makullanyldy. Halkara ýoga güni ýoganyň köp artykmaçlyklary barada dünýä jemgyýetçiliginiň bilimini artdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen bagly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy agza döwletleriň ählisini ýürek-damar, düwnük we süýjükesele sebäp bolýan fiziki işjeňligiň ýetmezçiligini ýeňip geçmekde öz raýatlaryna ýardam bermäge çagyryş etdi. Şu ýyl Ýoga güni “Ýoga saglygyň hatyrasyna” diýen şygar astynda geçirildi. Çäre Hindistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan guraldy. Günüň mowzugy ýoganyň aň we beden arasyndaky deňagramlylyga bolan täsirine bagyşlanýar. Çäräniň guramaçylary ýoganyň adamzadyň durnukly ösüş prosesinde we tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygynda gönüden göni goşant goşjakdygyna bil baglaýarlar.
Şol gün Halkara ýoga güni üçünji gezek geçirildi. Ýoga bilen köpçülikleýin meşgul bolmak Hindistanda, Bangladeşde we Nepalda bellenip geçildi. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we ýene-de 50 müň adam ýagyş ýagýanlygyna garamazdan, bir ýere jemlendiler. Hindi hökümetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýoganyň bütin dünýäni Hindistan bilen baglanyşdyrandygyny belläp geçdi.
Bilşimiz ýaly, Bütindünýä ýoga gününiň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi mynasybetli Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi açyldy. Bu waka Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda görelde bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.