EKSPO-2017 sergisine gatnaşýan Özbegistan öz pawilýonynda halk köpçüligine geljegiň öýüni hem-de ulagyny hödürledi. Ýurduň pawilýony 2 gatdan ybarat bolup, birinji gatynda tehniki işläp düzmeler, ikinji gatynda bolsa ýurduň milli tagamlary hödürlenýär. Gün energiýasy bilen işleýän kapsula hemmeleriň ünsüni çekdi. Geljegiň öýi diýlip atlandyrylan kapsulanyň agramy 300 kilograma deňdir. Ony ylmy beketlerde, düzlüklerde we howa menzillerinde ulanmak bolar. Ol bir adama niýetlenip, sanlaýyn tehnologiýa bilen abzallaşdyrylypdyr we merkezi sowadyş hem-de ýyladyş ulgamy bar.
Şeýle hem Özbegistanyň pawilýonynda biomobili hem görmek bolýar. Ol hem Gün batareýalary bilen işlär we onuň zarýady 700 kilometr menzil aşmaga mümkinçilik berer.