Ady: “Criminal”
Režissýory: Ariel Wromen
Keşplerde: Kewin Kostner, Gari Oldman, Tommi Li Jons, Alis Iw, Gal Gadot, Maýkl Pitt, Jordi Molla, Anthe Traue, Skott Adkins, Amauri Nolasko, Raýn Reýnolds, Kolin Salman, Robert Dawi
Prodýuserleri: Kris Bender, Krista Kampbell
Ssenariçileri: Duglas Kuk, Dewid Waýsberg
Kompozitorlary: Braýan Taýler, Keit Pawer
Operatory: Dana Gonzales
Montažçy: Denni Rafik
Öndüriji şereketler: “BenderSpink”, “Campbell-Grobman Films”, “Millennium Films”
Paýlaýjy şereket: “Summit Entertainment”
Dowamlylygy: 113 minut
Görnüşi: uruşly, triller, drama
Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe
Býujeti: 31,5 million $.
“The Iceman” filmi bilen meşhurlyk gazanan režissýor Ariel Wromeniň surata düşüren “Jenaýatçy” atly kinosynda esasy keşpleri Kewin Kostner, Gari Oldman, Tommi Li Jons, Alis Iw, Gal Gadot, Maýkl Pitt, Raýn Reýnolds ýaly Golliwudyň tanalýan artistleri janlandyrýar. Tutuşlygyna diýen ýaly Londonda surata alnan kinonyň býujeti 31,5 million dollara deňdir. Filmiň ssenarisini Duglas Kuk bilen Dewid Waýsberg bilelikde ýazdy. Ekran eserine “Campbell-Grobman Films” bilen “Millennium Films” hemaýatkärlik edýär.
Işinden boşadylan jansyzyň ýatlamalary we onuň ukyp-başarnyklary, haçan we nirede näme etjegi näbelli bolan, şol sanda jemgyýet üçin örän howply bir adamyň aňyna geçirilýär…