Durnukly ösüş, innowasiýa we ekologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda durnukly ösüş konsepsiýasynyň üç esasy ugruň – ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryň birleşmeginiň netijesinde peýda bolýandygyny belläp geçýär.
Innowasion tehnologiýany özünde jemleýän önümçiligi döretmek köp babatda adam we tebigatyň özara sazlaşykly aragatnaşygyny üpjün etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda senagat desgalarynyň galyndysyz işlemekligine hem-de olaryň ýokary derejede ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ahal welaýatyndaky ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzinini öndürýän iri senagat toplumy dünýäniň binagärlik we inženerçilik ylymlarynyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Bu önümçilik desgasy döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyny özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Munuň hakykatdan hem şeýledigine oňa Şweýsariýanyň Federal tehnologiki institutynyň Energetika departamentiniň «Innowasion tehnologiýalar» güwänamasynyň berilmegi hem doly tassyklaýar.
Tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän bu önümçilik desgasy ekologiýa taýdan arassalygy bilen dünýädäki beýleki kärhanalar üçin nusga bolup durýar. Bu zawoda ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» güwänamasynyň berilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda häzirki döwrüň ösen tehnologiýasyna esaslanyp gurulýan önümçilik desgalarynyň sany gün-günden artýar. Şeýle önümçilik desgalarynyň biri hem Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody hasaplanylýar. Bu zawod polietilen hem-de polipropilen öndürmeklige ýöriteleşen bolup, sebitde iň iri kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Bu kärhananyň hem dünýäniň abraýly guramalary tarapyndan (Germaniýanyň Ýulius Kun adyndaky instituty) «Ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana» hökmünde ykrar edilendigini hem-de Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň «Daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny» tassyklaýan güwänamanyň hem-de degişli nyşanyň, Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) «Durnuklylyk we netijelilik» diýen güwänamasynyň we degişli nyşanynyň berlendigini belläp geçmek gerek.
Ýakynda Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Arkadag şäheri gurlup ulanylmaga berildi. Bu täze «akylly» şähere döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we innowasiýa çözgütleri babatynda 20-den gowrak şahadatnamalar we baýraklar bilen sylaglanan bu iri taslamanyň biziň ýurdumyz üçin ähmiýeti uludyr. Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassa we ýaşaýyş üçin amatly innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy nukdaýnazardan, bu öňdebaryjy täzeçillik diňe bir ýurdumyz üçin uly ösüş bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebit üçin hem täze başlangyç bolup durýar.
Arkadag şäheriniň ýaşyl ösüşi maýa goýumlary we innowasiýa, adama gönükdirilen täzeçillik, ekologiýa taýdan arassa senagat we sagdyn jemgyýet gurmak üçin daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleri açýar.
Şäher meýilleşdirilişinde ekologiýa meselelerini ileri tutmak we wajyp ugurlaryň hatarynda öňe sürmek bilen, desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa önümleriň ulanylandygyny aýratyn bellemek gerek. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy bu babatda goýlan wezipeleriň netijeli çözgüdiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Görnüşi ýaly, durnukly ösüş, innowasiýa we ekologiýa bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olaryň özara sazlaşygy esasynda ykdysadyýetde oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Aýdyň maksatlaryň myrat tapýan döwründe ýaşamaga, okamaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Güýçmyrat Soltanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.